Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy MAFA-nyň çempionatyna gatnaşar

Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy MAFA-nyň çempionatyna gatnaşar

15-nji awgustda Duşenbe şäherinde (Täjigistan) 17 ýaşa çenli ýetginjeklerden ybarat ýygyndylaryň arasynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (MAFA) çempionatynyň bijeleri çekildi. Şol bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy öz garşydaşlaryny öwrendi.

Bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň tälimçi Ahmet Allaberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky ýetginjekler ýygyndysy B toparçada ýaryşmaly boldy. Bu toparçanyň duşuşyklaryň çäginde ýetginjekler ýygyndymyz 17-nji awgustda Özbegistanyň, 19-njy awgustda bolsa Eýranyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.

Ýaryşyň A toparçasyny Owganystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýetginjekler ýygyndylary emele getirýär.

MAFA-nyň çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry bir aýlawdan ybarat bolar. Şol duşuşyklaryň netijesinde toparçalarda birinji orunlary eýelän ýygyndylar final duşuşygyna gatnaşar, ikinji orunlary eýelänler bolsa umumy ýaryşyň üçünji orny üçin göreşerler. Şeýle hem ýaryşyň dowamynda bäşinji-altynjy orunlary kesgitleýän duşuşyk hem geçiriler. Çempionatyň duşuşyklarynyň ählisini Duşenbe şäherindäki Merkezi respublikan stadionynda geçiriler.

Ýetginjekleriň (U-17) arasyndaky MAFA-nyň çempionaty

A toparça

B toparça

1-nji tapgyr 17-nji awgust (şenbe) 18:30 Türkmenistan Özbegistan 21:30 Gyrgyzystan Täjigistan

2-nji tapgyr 19-njy awgust (duşenbe) 18:30 Owganystan Gyrgyzystan 21:30 Eýran Türkmenistan

3-nji tapgyr 21-nji awgust (çarşenbe) 18:30 Özbegistan Eýran 21:30 Täjigistan Owganystan

23-nji awgust (anna) 18:00 5-6-njy orun ugrundaky duşuşyklar 21:30 3-nji orun ugrundaky duşuşyk.

Final 24-nji awgust (şenbe) Başlanýan wagty ― 20:00. A toparçanyň birinji ornunyň eýesi ― B toparçanyň birinji ornunyň eýesi Duşenbe şäheri, Merkezi respublikan stadiony.

Ýene degişli makalalar

MAFA - 2024, U-17: Türkmen ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň bijeleri çekiler
Jemleýji bäsleşigiň ýeňijisine “Toyota Land Cruiser” ýeňil awtoulagy gowşuryldy
CAFA Nations Cup 2023 ýaryşyna bije çekmek dabarasy 26-njy aprelde geçiriler
Futbol boýunça ýetginjekleriň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň bijeleri çekildi
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 12-nji ýanwarda Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny biler