Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy düýn Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda Surakarta şäherindäki Manahan stadionynda ýer eýeleriniň — Indoneziýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen futbolçylary 0:2 hasabynda asgyn geldiler.
Ýerli ýygyndy hasaby 40-njy minutda asly niderlandly Iwar Ýenneriň geçiren goly bilen açdy. Goşmaça minutlaryň 2-nji minudynda bolsa Pratama Arhan Alif Rifai hasaby 2:0-a çykardy.
Ahmet Agamyradowyň şägirtleri ilkinji duşuşygynda Taýwandan 4:0 hasabynda üstün çykan hem bolsa, ikinji duşuşykdaky utulyş olaryň yklym ýaryşyna gatnaşmak baradaky umydynyň soňuna sogan ekdi. Türkmen ýygyndysy ikinji orny eýelän iň gowy toparlaryň ilkinji dörtlügine hem girip bilmedi.