Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi

Şu gün, onlaýn görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda geçiriljek Aziýa Kubogy 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.

Onuň netijesinde ýygyndy toparymyz “D” toparçada Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýaşlar ýygyndylary bilen bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary şu ýylyň dowamynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýa döwletinde geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, ýaşlar ýygyndy toparlarynyň arasyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyryny 2023-nji ýylda Özbegistanda geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy BAE okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdi
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň BAE-de geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy BAE-de geçiren ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň U-20 ýaşlar ýygyndysy Amman şäherine ugrady
Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy BAE-däki ikinji ýoldaşlyk duşuşygynda hem ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalary bilen boljak duşuuşykdan ozal türgenleşik geçdi