Türkmenistanyň ilçihanasynda Parižiň Syýasaty öwreniş institutynyň (Sciences Po) talyplarynyň hem-de bu institutdaky BMG Model Talyplar Assosiasiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda talyplar daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary, ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen içgin tanyşdylar.
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Talyplar birleşiginiň wekillerine ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhy we ösüşi barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap aldylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem ilçihananyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen milli tagamlaryny dadyp görmäge-de mümkinçilik aldylar.
Science Po — 1872-nji ýylda Fransiýada Erkin Syýasatşynaslyk mekdebi hökmünde döredilen jemgyýetçilik ýokary bilim edarasydyr. Uniwersitet Fransiýanyň iň gowy 20 uniwersitetiniň hataryna girýär we bilim berilişiniň hili boýunça iň gowy bilim edaralarynyň biri hasaplanýar. Fransiýanyň meşhur syýahatçylarynyň aglabasy şu ýokary okuw mekdebini tamamladylar.