Türkmenistanyň Eýranyň ExpoIran atly halkara sergisine gatnaşmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşylýar

Türkmenistanyň Eýranyň ExpoIran atly halkara sergisine gatnaşmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani bilen Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

2024-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda bolan duşuşykda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň we özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ilçi Türkmenistanyň hususyýetiçileriniň we önüm öndürijileriniň öndürýän harytlaryny Eýran Yslam Respublikasynyň bazarynda mahabatlandyrmak maksady bilen, ExpoIran atly halkara sergisine gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada belläp geçdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparlarynyň mejlislerini yzygiderli geçirmek, serhetýaka welaýatlarynyň işewürleriniň arasynda çäreleri hem-de türkmen-eýran sergi we ýarmarka çärelerini bilelikde guramak hakynda özara pikir alşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Daşkent şäherinde Türkmen-Özbek işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
25.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
04.04.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.03.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
12.02.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
25.01.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi