Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow özbek kärdeşi Jurabek Mirzamuhamedow bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024 halkara forumynyň çäginde guralan duşuşykda iki ýurduň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Trend habar berýär.
Ministrler tebigy gaz üpjünçiliginde hyzmatdaşlygy giňeltmäge, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berdiler.
Taraplar uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny hem-de munuň özara peýdaly başlangyçlar üçin mümkinçilikleri açýandygyny bellediler
Mundan başga-da, duşuşykda iki ýurduň energiýa ulgamlarynyň netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň täze ýollaryny tapmak üçin gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.