Özbegistana we bu goňşy ýurduň üsti bilen başga ýurtlara syýahat edýän türkmen raýatlary gury-ýer serhedinden geçmekde kynçylyk çekýärler. Azatlygyň Lebapdaky habarçysy we çeşmeleri soňky günlerde problemanyň agyrlaşandygyny, hatda iki ýurduň serhetleriniň arasynda galan adamlaryň bardygyny habar berýär.
"Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky serhet geçelgesinde ýüze golaý adam iki aralykda galdy. Olary Türkmenistanyň serhet gullygynyň esgerleri geçirmedi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme 22-nji awgustda habar berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, Farapdaky geçiş nokadynda iki serhediň arasynda galanlaryň aglaba köpüsi üç aýlyk myhmançylyk wizasy bilen Russiýa Federasiýasyna baryp, wizasynyň möhleti geçensoň Russiýadan Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistana dolanmaga synanyşýan türkmen raýatlary.
"Olar şu gün hem şol ýerde. Iki aralykda galan adamlar häzir kelebiň ujuny ýitirip, sergezdan ýagdaýda galdylar, olary ne yzyna goýberýärler, ne-de Türkmenistana geçirýärler. Aç, suwsuz, pulsuz galan adamlara musulman özbek raýatlary ynsanperwer iýmit, pul kömegini berýärler" diýip, çeşme aýtdy.
Bu aralykda rus wizasyny edinip, Özbegistana barýan türkmen raýatlary hem türkmen serhetçileri tarapyndan geçirilmeýär.
Ýagdaýdan habarly çeşmeleriň ýene biri, türkmen serhetçileri raýatlary geçirmezliginiň sebäbini Migrasiýa we Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň işgärleriniň görkezmesi bilen düşündirýärler diýýär.
Azatlyk Radiosy serhet geçelgesindäki ýagdaý barada serhetçilerden we Döwlet migrasiýa gullugyndan resmi maglumat almaga synanyşýar.
Çeşmeler Türkmenistanyň döwlet serhet geçelgelerinde serhet we gümrük işgärlerinden başga-da dürli gulluklaryň, şol sanda migrasiýa, milli howpsuzlyk, neşä garşy edaranyň we polisiýanyň wekilleriniň nobatçylyk çekýändigini aýdýarlar.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysy ýerli howpsuzlyk gullugynyň wekiline salgylanyp, hökümetiň türkmen raýatlarynyň goňşy ýurtlaryň üsti bilen aýlaw ýollardan daşary ýurtlara gitmegini islemeýändigini aýdýar.
"Türkmenistandan wiza alyp Russiýa Federasiýasyna gidýän raýatlar Aşgabatdan gatnaýan uçarly gitmeli. Özbegistanyň üstünden gitmeli däl" diýip, anonimlik şertinde gepleşen howpsuzlyk işgäri aýtdy.
Azatlygyň serhediň Türkmenistan tarapynda gürrüňdeş bolan söhbetdeşleriniň sözlerine görä, türkmen raýatlarynyň goňşy Özbegistanyň üstünden geçmegi saýlap almagynyň esasy sebäpleri ýol çykdajylarynyň has arzan bolmagy we Russiýada wizasynyň möhleti geçen ýagdaýynda deport goýulmagyndan howatyrlanmagy bilen bagly.
"Hökümet öz raýatlaryna hemaýatkär, howandar bolmagyň ýerine öz raýatlaryny pulsuz we agyr şertde goňşy ýurt bilen aralykda saklap, zenanlary we erkekleri bütin dünýäniň öňünde kemsidýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen türkmen raýaty aýdýar.
Türkmen-özbek serhediniň üsti bilen syýahatçylyk soňky ýyllarda türkmen raýatlarynyň arasynda örän meşhur boldy.
Goňşy Özbegistana şahsy işleri, söwda, saglyk we okuw maksatlary bilen barýan türkmenistanlylardan başga syýahatçylyk maksady bilen barýan adamlar köpelýär. Türkmenistanlylar Özbegistanyň üsti bilen Orsýete, Hindistana, Türkiýä we beýleki ýurtlara gidip gelýärler.
Bu ýagdaý Türkmenistandan gatnaýan reýsleriň azlygynyň, biletleriň gytçylygynyň we gymmatçylygyň, şeýle-de türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlara barýan uçarlardan köpçülikleýin düşürilmeginiň fonunda bolup geçýär.
Türkmenistanyň Özbegistan bilen 1650 kilometrlik döwlet serhedinde dört serhet geçelgesi bar - “Dostluk” we Horezm welaýatyndaky “Şawat” serhet postlary, Buhara welaýatynyň Alat etrabynda “Farap” barlag nokady we Garagalpagystandaky “Hojeýli” barlag geçiş nokady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.