Türkmenistanyň elektrik energetikasyny ösdürilmegi — ýurdumyzyň we sebitiň bähbitlerine

Watanymyzyň kuwwatly döwrebap energetika ulgamy tutuş halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu toplumyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de sanly ulgama geçirilmegini gaýragoýulmasyz döwlet wezipeleriniň hatarynda kesgitledi.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamalaryna laýyklykda, iri senagat toplumlary guruldy we şolaryň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Köp sanly durmuş, önümçilik we beýleki maksatly desgalar ýaly, bu toplumlar hem elektrik energiýasy bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün edilmegini talap edýär.

Şu maksatlar bilen, elektrik energetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, maksadalaýyk giň gerimli işler alnyp barylýar. Şolaryň çäklerinde ähli sebitlerde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gazturbinaly elektrik beketleri, elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik podstansiýalary gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň hem-de ilat ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi hem-de pudagyň ösdürilmegine ägirt uly maýa serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki islegleriniň doly kanagatlandyrylmagynda däl, daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasynyň eksportunyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ministrler Kabinetiniň 4-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde beýan edilen maglumatlara görä, şu ýylyň sekiz aýynda energetika ulgamynda önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 118 göterim ýerine ýetirildi hem-de 127,7 göterim ösüş üpjün edildi.

Şu ýylyň başyndan bäri elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüşiniň 114,5 göterime barabar bolmagy hem-de meýilnamanyň 106 göterim ýerine ýetirilmegi hem bu pudagyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigine şaýatlyk edýär. Elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermekde hem ýokary netijeler gazanyldy. Meýilnama 210,4 göterim ýerine ýetirilip, 274 göterim ösüş gazanyldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň elektrik energetikasyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de kuwwatyny artdyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygy barada aýdyp, daşarky oňaýsyz ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Pudaklaýyn kärhanalary tehnologik taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, ilatymyzyň ykdysady we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, degişli senagat önümçiliklerini gurmak hem-de elektrik energiýasynyň öndürilýän mukdaryny we dünýä bazarynda islegleriň artýandygyny nazara almak bilen, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde, soňky ýyllarda onuň düzüminiň üsti gazturbinaly elektrik beketleri, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gurlan elektrik beketleri bilen ýetirildi. Mary DES-inde ýurdumyzda ilkinji utgaşykly buggaz elektrik stansiýasy işe girizildi.

Şu ýylyň 9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berilmegi “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurulýan gaz turbinaly energiýa desgalary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, bina edilýän täze desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge ýardam berer.

“Çalyk Enerji” kompaniýasy (Türkiýe Respublikasy) tarapyndan guruljak desgalar Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün ediler.

Ýakyn ýyllarda täze desgalaryň ýene-de birnäçesini işe girizmek meýilleşdirilýär. Munuň özi energiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli pugtalandyrmaga mümkinçilik berer. Häzir Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawata barabar bolan gazturbinaly elektrik beketleriniň ýene-de biriniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu işler “Sumitomo Corporation” we “Mitsubishi Hitachi Power Systems” (Ýaponiýa), “Rönesans Holding” kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda energetika enjamlaryny abatlamak we şolara hyzmat etmek baradaky merkez ulanmaga berler. “Türkmenenergo” döwlet korporasiýasynyň buýurmasy boýunça onuň gurluşygyny “Çalyk Enerji Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) we “Çalyk Enerji Swiss AG” (Şweýsariýa) kompaniýalarynyň konsorsiumy alyp barýar.

Büzmeýin döwlet elektrik bekediniň çäginde gurulýan merkez gazturbinaly elektrik beketleriniň, elektrogeneratorlaryň, dürli kuwwatlykdaky trasformator podstansiýalarynyň, elektrik beketleriň abatlaýyş we hyzmat ediş işlerini amala aşyrar.

Energiýa halkasyny döretmek maksady bilen, “Ahal — Balkan” hem-de “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça taslama amala aşyrylýar.Bu işler Aziýa Türkmenistanyň ösüş bankynyň ýeňillikli karzlarynyň hasabyna ýerine ýetirilýär. Şonuň çäklerinde güýjenmesi 500 kW bolan howa elektrik geçiriji ulgamynyň 560 kilometrini hem-de güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçiriji ulgamynyň 475 kilometrini çekmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, güýjenmesi 500/220/110 kW bolan podstansiýalaryň ikisi hem-de güýjenmesi 220/110 kW bolan podsatnsiýalaryň hem ikisi işe giriziler.

Şu taslamada güýç beriji transformatorlary, işe girizijileri, paýlaýjylary hem-de Ýewropa ölçeglerine laýyklykda taýýarlanylan beýleki enjamlary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Halkalaýyn energetika ulgamynyň desgalary döwrebap kompýuter programmalary bilen üpjün ediler. Şolar aralykdan dolandyrmagy hem-de işiň degişli görkezijileriniň yzygiderli gözegçiligini üpjün eder.

Şeýlelikde, paýtagtymyzyň hem-de Diýarymyzyň sebitleriniň okgunly ösýändigini nazara almak bilen, kuwwatly energetika ulgamlarynyň durkunyň täzelenilmegi hem-de şolaryň täzeleriniň gurulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bitewi ulgama birikdiriler. Munuň özi zerur halatynda, elektrik energiýasyny zerur ugra gönükdirmäge mümkinçilik berer.

Bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli işler diňe bir ýerli sarp edijileri —Diýarymyzyň şäherlerini we obalaryny hem-de her ýyl işe girizilýän iri senagat toplumlaryny we köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmäge däl, eýsem, onuň artyk bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmagyň taslamasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu elektrik geçiriji TOPH döwletara gaz geçirijisi bilen bilelikde çekilýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, özüni ygtybarly hem-de borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän hyzmatdaş hökmünde görkezen biziň döwletimiz bilen hyzmatdaş etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň we kompaniýalaryň sany barha artýar.

2018-nji ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen “Çalyk Holding A.Ş.” türk kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli turbageçirijiniň ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Energetika ulgamynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri birleşdirýän bilelikdäki maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy netijeli gatnaşyklary üçin ygtybarly esas bolmalydyr.

Taslama gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan —Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy hakyndaky Ylalaşyga 2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan täze energiýa köprüsiniň düýbüniň tutulan mahalynda gol çekildi. Şol dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Geljekki ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy bu gaz geçiriji ulgamyň düzümleýin desgalarynyň ählisini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we durnukly üpjün etmekden başga-da, elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik berer.

Hut şol ugur boýunça TOP optiki-süýümli ulgamy hem çekilýär. Munuň özi üç goňşy ýurduň arasynda maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, goşulyşmak işleriniň çaltlandyrylmagyna ýardam eder.

TOP elektrik geçiriji ulgamynyň gurulmagy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine hem kuwwatly itergi berip, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge hem-de parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Hususan-da, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň hasabyna ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ösen elektrik energetikasy, ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümini dörediler.

Şu ýylyň fewral aýynda Serhetabat etrabynda bu möhüm döwletara energiýa geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Döwletimiziň çäginde güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy Mary DES-inden türkmen-owgan serhedine çenli, “Mary DES — Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäheri” ugry boýunça çekiler. Bu elektrik geçiriji ulgamy 2021-nji ýylyň awgustynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

TOP taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektrik energetikasy taslamalarynyň müdirligi meşgullanýar. Bu müdirlik döwlet Baştutanymyzyň görkezmesi boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň düzüminde döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermek bilen, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda goňşy owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek berip gelýändigini, hususan-da, elektrik energiýasyny ýeňillikli şertlerde iberýändigini bellemek gerek. Doganlyk ýurda iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, täze podstansiýalar gurulýar hem-de elektrik geçiriji ulgamlar çekilýär.

2019-njy ýylyň dekabr aýynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde dostlukly ýurduň ykdysady zerurlyklary üçin kuwwatly elektrik energetikasy desgasyny ulanmaga bermek mynasybetli dabaranyň bolandygyny ýatlamak gerek. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, owgan tarapyna ynsanperwer kömegi hökmünde güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwaty 125 MWt bolan transformator hem-de kömekçi enjamlar berildi.

Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, Owganystanyň iri energetika, ulag we aragatnaşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge hyzmatdaş hökmünde çekilmegi Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan täze giň gerimli taslamasynyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmek baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulyşmagynyň, türkmen energiýa serişdelerini ibermegiň eksport ugurlarynyň çägini giňeltmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolar.

Munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we halkara abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam eder.

Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, daşky gurşawy goramak meselelerine-de jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ählisiniň esasy talaby bolup durýar.

Ýurdumyzyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy energetika pudagynyň öňünde goýlan tebigaty goraýyş baradaky wezipeleriň netijeli çözülmegine ýardam edýär. Türkmen tebigy gazy bu gün elektrik beketleri üçin örän netijeli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz ýangyç biri hökmünde ykrar edildi diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Gymmat bolmadyk, ygtybarly we häzirki zaman energiýa serişdelerine giň elýeterliliginiň bolmagy ähli döwletleriň çalt depginler bilen ösmegi hem-de halklaryň abadançylygy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Tutuş dünýä bileleşiginiň tagallalary, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamynda gün tertibine” laýyklykda edilýän tagallalar şol maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

Tebigy energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň iň baý döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistan ägirt uly kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga çalyşýar hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýär we şunuň bilen baglylykda, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadynyň kemala getirilmegine saldamly goşandyny goşýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary hem-de daşary ýurtly işewür toparlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm orun eýeleýär. Şu ýylyň dekabr aýynda biz ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny dabaraly belläp geçeris.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasy ugrunyň özeni bolan oňyn bitaraplyk derejesi Diýarymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygynyň kepili bolup hyzmat edýär.

Ýene degişli makalalar

26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
15.09.2020 | Türkmenistanyň elektrik energetikasyny ösdürilmegi — ýurdumyzyň we sebitiň bähbitlerine
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar
“Ak şäherim Aşgabat” atly halkara köpugurly sergi geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Aşgabat nurana geljege alyp barýan ýollarymyza şugla saçýan şamçyragdyr