Dzýudo boýunça halkara federasiýasy milli ýygyndylaryň reýting sanawyny täzeledi. Täze sanawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 71-nji basgançakda görkezilýär.
Türkmen ýygyndysynda iň ýokary netije erkekleriň arasynda 66 kilograma çenli agram derejäniň wekili Hekim Agamämmedowa degişlidir. Ol öz agram derejesinde dünýäniň iň güýçli türgenleriniň arasynda 40-njy orny eýeleýär. Şeýle hem şol agram derejesinde Serdar Rahymow 42-nji orunda görkezilipdir.
Türkmenistanly zenan türgenleriň arasynda iň ýokary netije 63 kilograma çenli agram derejäniň wekili Zülhumar Daşgynowa degişli. Ol öz agram derejesinde 44-nji orny eýeleýär.
Dünýä reýtinginde Türkmenistanyň iň güýçli bäş dzýudoçysy:
1. 40-njy orun, Hekim Agamämmedow, 66 kilograma çenli agram derejesi;
2. 42-nji orun, Serdar Rahymow, 66 kilograma çenli agram derejesi;
3. 43-nji orun, Hakberdi Jumaýew, 60 kilograma çenli agram derejesi;
4. 44-nji orun, Zülhumar Daşgynowa, 63 kilograma çenli agram derejesi;
5. 49-njy orun, Maýsa Perdäýewa, 57 kilograma çenli agram derejesi.