Türkmenistanyň dokma pudagynyň infrastrukturasyny innowasion usulda ösdürmegiň aýratynlyklary

Türkmenistanyň dokma pudagynyň infrastrukturasyny innowasion usulda ösdürmegiň aýratynlyklary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň binýadynda, Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Milli senenamamyza altyn harplar bilen ýazylýan her bir günde ýurdumyzyň mizemez Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet ähmiýetli çäreler üstünlikli amal edilýär.

Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk taryhyna ser salnanda, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda asyrlara barabar üstünlikleriň gazanylandygyny, ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykalandygyny görmek bolýar. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, adam maýasyny has-da ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup çykyş edýär.

Ýurdumyzyň strategik ösüşini kesgitleýän döwlet we milli maksatnamalarda ýurduň halk hojalygynyň ähli ulgamlaryny we pudaklaryny innowasiýalara esaslandyryp ösdürmeklik wezipesi giňişleýin şöhlelendirilýär.Sebäbi, innowasiýalar ýurduň ykdysadyýetiniň uzak möhletli ösüşine goldaw berip, ykdysadyýetiň täze pudaklarynyň kemala gelmegine we kämilleşmegine, ýurduň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyna we içerki önüm öndürijileri höweslendirmäge, milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramagyň ykdysady, guramaçylyk we hukuk esaslaryny kemala getirmäge, ýurduň döwrebap ösüşiniň esasy gönezligi bolan adam maýasyny ýokarlandyrmaga, durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge we adamzat durmuşynyň ähli ugurlary boýunça öňegidişlikleri gazanmaga giňden ýardam berýär.

Innowasiýanyň durmuşymyzda möhüm ähmiýetini beýan etmek bilen, ilkinji nobatda, “innowasiýa” adalgasynyň manysyny hem kesgitlemek ýerlikli bolardy. “Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “innowasiýa (täze girizilen kada) raýat dolanyşygyna girizilen innowasiýa önümi. Innowasiýalaryň dört görnüşini tapawutlandyrýarlar: önüm, proses, marketing we guramaçylyk” diýlip kesgitleme berilýär.

Ylmy edebiýatlarda “innowasiýa” adalgasy iň köp düşündiriş berilýän we alymlaryň adamzat durmuşynyň ähli jähtinden ylmy seljermeleriniň obýekti bolýar.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” atly düýpli ylmy işinde: “Innowasiýalar bu bazarda ýerlenilýän täze ýa-da has kämilleşdirilen önümi almakda öz beýanyny tapýan işiň, amaly tejribeçilikde peýdalanylýan täze ýa-da has kämilleşdirilen usulyň gutarnykly netijesidir” diýip, kesgitleme berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýokary ykdysady netijeli durmuşa geçirýän ykdysadyýetiň türkmen nusgasynyň esasy maksatlarynyň hatarynda milli innowasion ulgamy kemala getirmek, manotehnologiýalary döretmek, intellektual zähmetiň abraýyny we meýlini ýokarlandyrmak bilen ylymda we bilimde ileri tutulýan ösüşiň hasabyna tehnologiki böküşi (öňe gidişligi) amala aşyrmak maksady hem öz beýanyny tapýar.

Bu maksady durmuşa geçirmeklige gönükdirilen çäreleri kesgitleýän möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalary bolup, 2015-nji ýylyň 11-nji iýunynda kabul edilen “Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” we 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda kabul edilen “Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” çykyş edýär.

Ýurtda ýerine ýetirilýän innowasiýa barlaglary milli ykdysadyýeti häzirki zaman tehnologiýalar bilen döwrebaplaşdyrmagyň ýoly bilen, Türkmenistanyň dünýä ösüş meýilleri bilen deň gadam urmagyny we öňdebaryjy döwletleriň arasyna çykmagyny we pugtanlanmagyny gazanmaga ýardam edýär.

Milli önümçilige häzirki zaman tehnikalarynyň, enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň ulanylmagy işiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen, önümiň ýa-da hyzmatyň özüne düşýän gymmatyny azaldýar, ylmyň önümçilik we durmuş ulgamy bilen özara arabaglanyşygyny berkidýär.

Täze enjamlar bilen işlemek ylmy-barlaglaryň usulyýetini we tehnologiýalaryny kämilleşdirmäge, täzeçe pikirlenmäge, alymlaryň hünär taýdan we innowasion medeniýetiniň ösmegine ýardam edýär.

Innowasiýalary netijeli ösdürmekde, döwlet innowasiýa syýasatyny durmuşa geçirmekde innowasiýalar infrastrukturasyna möhüm orun degişlidir. Ykdysady ylymda, innowasiýa infrastrukturasy täze emele gelýän we ösüp gelýän bazarlary goldamak, önümçilik güýçleriniň durnukly ösüşini üpjün etmekde innowasion ykdysadyýetiň möhüm instituty hökmünde häsiýetlendirilýär.

Innowasiýa infrastrukturasy innowasion taslamalaryna habar beriş, maddy-tehniki, maslahat beriş we beýleki ugurlarda kömek berýän we olary durmuşa geçirmäge amatly gurşawy döredýän obýektleriň toplumydyr.Innowasion infrastrukturany her bir pudagyň özboluşly aýratynlyklaryny nazara alyp döretmek zerurdyr. Şu ýagdaýda, innowasion infrastruktura pudagyň ösmegine güýçli itergi berip, onuň milli ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrar.

Innowasion infrastrukturanyň obýektlerine tehnoparklary, aýratyn ykdysady zolagy, biznes-inkubatorlary, tehnologiýalaryň transfer merkezleri degişlidir.

Innowasion ösüşiň möhüm düzüm bölekleriniň biri hem innowasiýalary ylym ulgamyndan önümçilige ornaşdyrmak ulgamydyr. Tehnologiýalaryň netijeli işleýän ulgamyny döretmek üçin, ylym we önümçilik ulgamynyň synag-önümçilik binýadyny döretmek we bazarlarda marketing barlaglaryny geçirmek wajyp meseleleriň biridir.

Tehnologiýalar merkezi adam mümkinçiligini we bilimleriň ykdysadyýetini ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologik howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berip, ylmy çözgütleri, amaly işläp taýýarlamalary we olary önümçilige ornaşdyrmagy bir bitewi ulgama birleşdirýän esasy edara bolup durýar.

Tehnologiýalar merkeziniň çözgütleri bir bitewi ulgamy emele getirýän ylmy-barlaglaryň, tejribe-konstruktorçylyk, tejribe-tehnologik, marketing barlaglarynyň we utgaşykly alnyp barylýan beýleki işleriň geçirilmeginiň netijesinde taýýarlanylýar.

Tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça Tehnologiýalar merkeziň işi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşiniň isleglerini we maksadyny öwrenmek, maglumatlary ýygnamak we ulgamlaşdyrmak, ornaşdyrmak üçin zerur tehnologiýalary saýlamak we milli senagaty kämilleşdirmek üçin daşary ýurt tehnologiýalaryny öwrenmek bilen baglydyr.

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ileri tutulýan pudaklaryň biri bolup dokma pudagy çykyş edýär.Dokma pudagy ýurdumyzda durmuş-ykdysady meseleleriň giň toplumyny çözmäge ýakyndan goldaw berýär. Şu ýerde, ýurdumyzyň ilatynyň ýarysyndan köpüsiniň oba ýerlerinde ýaşaýandygyny bellemek zerurdyr.

Oba ilatynyň agramly bölegi oba hojalyk toplumynda zähmet çekýärler.Oba hojalyk toplumynda öndürilýän esasy önümleriň birisi hem “Ak altyn” ýa-da pagtadyr. Ýurduň ähli hojalyklarynyň 2019-njy ýylda ýygnan “Ak altyny” 1 110 müň tonna deň boldy. Şu hem, dokma pudagynyň oba ýerlerinde iş bilen meşgullanýanlaryň sanyny artmagyna edýän gytaklaýyn täsiri bolup, ýurtda durmuş meseleleriniň üstünlikli çözülmegine oňyn täsir edýär.

Özüniň tebigy-howa şertleri boýunça ýurdumyz orta we inçe süýümli gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin amatly künjek bolup durýar. Täzeçil tehnologiýalara esaslanýan önümçiligiň häzirki zaman şertlerine laýyk derejede guralmagy bilen, arassa pagta süýümi iň gymmatly we bähbitli eksport harytlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde pagta süýümini gaýtadan işlemek 3 göterimden 51 göterime çenli ýokarlandy.

Ýurdumyzyň dokma senagat önümçiliginde tebigy materiallaryň ulanylmagy dünýäniň dürli kärhanalaryna sargyt edýän halkara brendleri özüne çekýär. Türkmenistanyň öňdebaryjy dokma kärhanalaryň önümleri halkara derejede ykrar edilip, “Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy” ISO 9001, “Daş-töweregi goramak” boýunça ISO 14001, “Zähmeti goramak we kärhanalarda tehniki howpsuzlygy” boýunça OHSAS 18001 ýaly güwänamalara mynasyp boldular.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli dokma pudagymyzda 80-den gowrak kärhana hereket edýär. Şolaryň aglabasy önümçilik kärhanalary bolup durýar. Şeýle hem, dokma pudagynda bilelikdäki kärhanalaryň hem üstünlikli hereket edýändigini bellemek mümkindir. Olarda ýokary hilli nah we garyşyk ýüplükleriň, matalaryň, örme matalaryň, taýýar sütükli, tikin we jinsi önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Umuman pudagyň kärhanalarynda 30 müňe golaý işgär zähmet çekýär.

Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, milli dokma pudagymyzyň gurluş infrastrukturasy düýbünden täzelenýär. Şunda, esasy ileri tutulýan ugurlar bolup, dokma pudagyny innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak çykyş edýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 20192025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ýurdumyzyň ýeňil senagatyny we onuň esasy binýatlyk düzümi bolup çykyş edýän dokma senagatyny ösdürmegiň esasy wezipeleri kesgitlenildi. Olara:

- täze önümçiligiň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy bilen bagly amala aşyrylan çäreleriň netijesinde, önümçiligiň mümkinçiliklerinden giňden netijeli peýdalanmak hem-de onuň hasabyna Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynyň geljekki ösüşini üpjün etmek;

- halk hojalygynyň pudaklaryny ýokary hilli dokma önümleri bilen üpjün etmek arkaly ýurdumyzyň ykdysady we strategiki howpsuzlygyny has-da artdyrmak;

- Türkmenistanyň jemi içerki önümde dokma senagatynyň ornuny has-da artdyrmaga çemeleşmek;

- daşarky bazarlarda ýerlenilmäge niýetlenen bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek;

- ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesine mundan beýläk-de üns bermek, iş orunlaryny saklamak we olaryň sanyny artdyrmak;

- iş öndürijiligini ýokarlandyrmak;

- täze gurulýan döwrebap dokma toplumlarynyň, kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberleriniň we hiliniň ýokarlanmagy bilen, daşary bazarlara ýerlenýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak.

Ýurduň dokma pudagynyň infrastrukturasynyň innowasion ösüşiniň esasy aýratynlyklary bolup aşakdakylar çykyş edýär:

- dokma pudagynda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak;

- dokma pudagynda öndürilýän önümleri ekologiki howpsuzlygyň talaplaryna gabat getirmek. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň binýadynda, ýurduň dokma pudagynyň kärhanalary dünýäniň öňdebaryjylary kompaniýalarynyň, hususan-da, Şweýsariýanyň “Rieter”, “Benninger”, Germaniýanyň “Trützsсhler”, “Sсhlafhorst”, “Zinser”, “Monforst”, “Küsters” Italiýanyň “Marzoli”, “Mario Сrosta”, “Reggiani”, “Arioli”, “Savio”, Belgiýanyň “Piсanol”, Ýaponiýanyň “Tsudakoma”, “Juki”, “Murateс” ýaly kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmek babatynda edýän taýsyz tagallalarynyň binýadynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha kuwwatlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Bu hem, ýurdumyzyň baş gymmatlygy bolan adamyň sarp edijilik mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna oňyn täsir edip, ýaşaşyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

Muhammedowa Ogulaý,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň magistranty

Muhammedowa Jeren,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň magistranty

Ýene degişli makalalar

22.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda
Türkmen ykdysadyýetiniň senagat ugry ösýär
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Dokma senagaty pudagynyň täze toplumy