Türkmenistanyň dokma kärhanalary Özbegistandaky halkara sergä gatnaşarlar

Türkmenistanyň dokma kärhanalary Özbegistandaky halkara sergä gatnaşarlar

Türkmenistanyň dokma kärhanalary 18-20-nji oktýabr günlerinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek Uztextilexpo-2023 Autumn VII halkara dokma sergisine we moda görkezilişine gatnaşarlar. Sergi Tashkent Textile Week hepdeliginiň çäginde guralyp, ol Daşkent şäherindäki UzExpoMarkaz sergi merkezinde geçiriler. Bu barada özbek internet saýty habar berdi.

Halkara sergä we moda görkezilişine ýerli dokma önümlerini öndürijiler bilen bir hatarda Hytaýdan, Hindistandan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan we Täjigistandan dokma brendleriniň 180-den gowragy gatnaşar. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar özleriniň eksporta niýetlenilen dokma önümlerini görkezilişe çykararlar. Şeýle-de, gatnaşyjy ýurtlaryň dokma brendleriniň meşhur we täze moda kolleksiýalary görkeziler.

Serginiň dowamynda Oztokimaçiliksanoat açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem-de USAID tarapyndan Brendleşmek mekdebi atly okuw maslahatlary guralar.

Ýene degişli makalalar

“Owadan Ülke” kompaniýasy Özbegistandaky sergide öz önümleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen işewürleri “TextileExpo Özbegistan 2025” sergisine çagyryldy
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
Kino täzelikleri
Billboard Music Awards-2021 baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi
“Asman” modalar öýi Aspara modalar hepdeliginde özüniň kolleksiýasyny görkezdi