Türkmenistanyň dokma kärhanalary Russiýa Federasiýasynda geçirilýän Tekstillegprom 59-njy halkara sergisine gatnaşýar. 28-nji fewraldan 2-nji marta çenli dowam etjek bu sergi Moskwadaky Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergi köşgünde (WDNH) geçirilýär. Bu barada Sputnik habar berýär.
Çäräniň guramaçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, bu halkara gözden geçirilişde Türkmenistandan, Özbegistandan, Belarus Respublikasyndan, Hytaýdan, BAE-den, Täjigistandan, Türkiýeden hem-de Fransiýadan bolan kompaniýalar öz dokma önümlerini sergä çykardylar.
Bellenilişi ýaly, bu sergide dokma we ýeňil senagat üçin täze enjamlar, çig mal, tebigy we emeli ýüplükler, dürli görnüşli boýaglar bilen tanyşmaga mümkinçilik bar.
Serginiň dowamynda türkmen dokmaçylarynyň ylmy-amaly maslahatlara, tegelek stollara hem-de ussatlyk sapaklaryna hem gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.