
17-nji aprelde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri sizi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde P.I.Çaýkowskiniň Şelkunçik atly dünýä belli film-balet konsertine çagyrýar. Konsert sagat 18:00-da başlanar.
1993-nji ýylda Ernst Teodor Amadeýa Gofmanyň Şelkunçik we syçan patyşasy ertekisi esasynda horeograf Jorj Balançin tarapyndan Pýotr Iliç Çaýkowskiniň sazyna döredilen oýun Nýu-Ýork şäherinde balet tansçylarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirildi. Bu oýunda Şelkunçigiň keşbinde Ýeke özi öýde filmiň baş gahrymany Makoleý Kalkin çykyş edýär.
Şeýle-de okaň: