Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, general-maýor Şadurdy Durdyýew işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. Onuň harby ady podpolkownik derejesine çenli aşak düşürildi. Degişli resminama döwlet Baştutany şu gün Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, podpolkownik Ýazgeldi Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellenilip, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem podpolkownik Ýazgeldi Nuryýewe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, möhletinden öň polkownik harby ady dakyldy. Mundan başga-da, polkownik Muhammetgeldi Agageldiyew Türkmenistanyň milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesine bellendi.