Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmeniň mirasynda keçe sungatynyň orny atly sergi guraldy.
Sergide muzeýiň Maddy gymmatlyklar gaznasynda goralyp, aýawly saklanylýan, bäş welaýatyň milli nagyşlary bilen bezelen keçe we keçe önümleriniň birnäçesi, ýagny, düşeklik keçeler, ojakbaşy, atkeçeleri, keçeden bukjalar, keçe asmalyk we keçe taýýarlamak üçin ulanylýan zähmet gurallary bolan ýüň daraklar, dürli reňkli ýüňler we pişgeler görkezilip, türkmen zenanynyň keçäni gülläp oturan pursady hem sergä aýratyn gözellik berýär. Şeýle-de serginiň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Ö.Mämmetnurowyň keçe sungatyna bagyşlap döreden birnäçe eserlerini hem görmek bolýar.
Bu çäre dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow tarapyndan açyldy.Serginiň açylyşyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1 derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň hünärmeni Şaperi Orazowa we Garagum žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa gatnaşdylar.