Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk sergisi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk sergisi geçirildi

Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde baýramçylyk sergisi geçirildi.

Hasyl toýuna bagyşlanan sergi iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Fotosuratlar we suratkeşleriň çeken suratlary türkmen topragynyň sahylygyny wasp edýärler. Altynbaş gallany, ak altynly meýdanlary, bakja ekinlerini, şeýle hem sahy türkmen topragynda ýetişdirilýän miweleri we gök önümleri beýan edýän haly-pannolar sergä aýratyn öwüşgin berýär.

Sergini ak bugdaýyň desseleri we inçe süýümli pagta hem-de ýüpek gurçugynyň pileleri bilen doldurylan horjunlar bezeýär. Bu ýerde ussat zergärleriň işleri hem goýlupdyr. Olar pagta düýpleri, bugdaý sümmülleri, üzüm hoşalary we başga miweler, bezeg daşlardan we metallardan taýýarlanan önümlerdir. Ter gawunlar, garpyzlar, kädiler, gök ekin önümleri we başga miweler baýramçylyk sergisiniň birinji bölümini tamamlaýar.

Serginiň ikinji bölümi Türkmenistanda ekerançylygyň ýüze çykyşyna we ösüşine, ýagny Merkezi Aziýada ilkinji oturymly ekerançylygyň taryhyna bagyşlanýar.

Sergide türkmeniň ak öýüni, türkmen halkynyň durmuşda ulanan gadymy esbaplaryny hem görmek bolýar. Sergininiň açylyş dabarasyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgäri Jennet Jallyýewa alyp bardy.

Dabarada Ahal durmuşy gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň uly ylmy işgäri Aky Ýaraşew, Garagum žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasynyň mugallymy Myratberdi Çopanow, Ylmy-önümçilik merkeziniň Däneli, kösükli däneli ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň ylmy işgäri Begenç Babaýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hünärmeni Akjemal Suhanowa çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Saz rowaýatyndaky sungat hakykaty
Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda täze oýun sahnalaşdyrylýar
Aşgabatda Türkmen teatr sungaty atly festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi
Çingiz Aýtmatowyň powestiniň gahrymanlary ýene Lebabyň döwlet sazly-drama teatrynda sahna çykýarlar
Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda täze oýun sahnalaşdyrylýar