Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Zenan gözellik dünýäsi atly sergi açyldy. Sergä muzeý, medeniýet we döredijilik işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary gatnaşdylar.
Sergide bahar pasly, mähriban Diýarymyzyň tebigaty, gelin-gyzlarymyzyň gözelligi suratlaryň, zergärçilik kompozisiýalarynyň we haly pannolaryň üsti bilen beýan edilýär. Kümüşden ýasalan we gymmat baha tebigy reňkli daşlar bilen bezelen milli bezeg şaýlary sergä özboluşly bezeg berýär.
Sergi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýewiň gutlag sözi bilen açdy.
Sergide Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Azat Annaýew, Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň uly mugallymy Ýazgeldi Pirmedow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Magtymguly Magtymgulyýew, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy-barlag bölüminiň müdiri Söýün Sähetgylyjow we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň kärdeşler arkalaşyk guramasynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa dagy çykyş etdiler.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Zenan gözellik dünýäsi atly sergä aýlanyp gördüler.