Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmen keşdeçilik sungatynyň ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi gaznalaryndaky gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisini gurnady.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň Türkmeniň ajaýyp nusgalaryny döredenler, Annadurdy Almämmedowyň Halyçylar, Annageldi Kuliýewiň Durmuş ýyllary, ýaş suratkeşler Merdan Kakabaýewiň Bol saçak, N.Hojagulyýewiň Pile saýlanylyşy ýaly birnäçe ajaýyp eserler görkezildi.