Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň nusgawy şahyrlaryna uly sylag hormat goýulýar.Türkmeniň akyldar şahyry söz ussadynyň şasy Magtymguly Pyragydyr.Akyldaryň ýazan goşgy setirleri her bir adamynyň aňynda ata-Watana, ene-topraga, il-güne bolan ruhy aňy ösdürýär. Şahyryň goşgy setirlerinde biziň ertirki günümiziň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimizde ruhy ahlaklylyga, adamkärçilige, oňat gylyk häsiýetlere Watany söýmeklige, döwlete wepaly gulluk etmeklige çagyrýan wagyz-nesihat häsiýetli şygyrlary şu günki nesillerimizi kämil ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete uludyr.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bize galdyran ruhy, medeni mirasy, bu gün dünýä jemgyýetçiliginde nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde sergi hem-de onuň çäklerinde “Magtymguly Pyragy we zergärçilik sungaty” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň tanymal şahyrlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, döredijilik adamlary, aýdymçylar gatnaşdylar.
Maslahaty Durdymyrat Atdaýew Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri alyp bardy.
Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazdurdy Abdyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa, “Milli goşun” žurnalynyň jogapkär kätibi, şahyr Aşyrmät Garlyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgäri Ýusup Lollakow, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Orazguly Karataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň ýokary derejeli aýdymçysy Amanmyrat Agaýew dagylar çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan “Magtymguly Pyragy we zergärçilik sungaty” atly maslahatda akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türki halklaryň kalbynda baky orun alan meşhur şahsyýetleriň biridigini, hut şonuň üçin hem, dana şahyryň şygyrlary edebi mirasymyzy öwrenmekde-de uly ähmiýete eýedigi çykyş edenler nygtadylar.