Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk  bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň her bir ýyly türkmeniň häzirki zaman taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen girýär. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hem ýurdumyz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesini baýram etdi.

Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň milli buýsanjydyr.Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz halkymyza “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly kitabyny peşgeş berdi.

Kitabyň ilkinji nusgalary milli Liderimiz tarapyndan Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde gowşuryldy.Täze kitap Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şöhratly taryhynyň ýylýazgysydyr. Şunuň bilen birlikde, täze neşiriň maksady diňe bir taryhy babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi bilen baglylykda Garaşsyzlyk eýýamynyň wakalaryny beýan etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.Dabara ýurdumyzy muzeý we kitaphana işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew alyp bardy. Şeýle hem, dabarada Döwlet kitaphanasynyň hünärmeni, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Döwlet kitaphanasynyň hünärmeni, şahyr Nyýazbibi Orazowa, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň ýolbaşçysy Gülşat Amanberdiýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölüm müdiri Söýün Sähetgylyjow, Döwlet kitaphanasynyň hünärmeni Ogultagan Orazgulyýewa, Aşgabat şäheriniň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Aýjemal Baýramowa, Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Amangül Karakulowa çykyş etdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly kitabyň giň okyjylar köpçüligi üçin uly gyzyklanma bildirýändigini, türkmen garaşsyzlygynyň taryhy ähmiýetini şöhlelendirýän möhüm, dokumental çeşme bolup durýandygyny bellediler. Çykyş edenler täze neşiriň, ilkinji nobatda, ýaş nesil üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetini bellediler. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen şu ýubileý ýylynda neşir edilen bu ajaýyp kitap milli Lidermiziň mähriban halkymyzyň taryhy we geljegi baradaky çuň many-mazmunly eserleriniň üstüni ýetirdi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşanlar hormatly Prezidentimize Döwletimiziň baş baýramynyň mukaddes Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp döredijilik sowgady, türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny öwrenmäge we giňden wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda