Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hasyl toýuna bagyşlanyp Türkmen topragyň berekedi atly sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hasyl toýuna bagyşlanyp Türkmen topragyň berekedi atly sergi gurnaldy

2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hasyl toýuna bagyşlanyp Türkmen topragyň berekedi atly sergi gurnaldy.Sergi üç bölümden ybarat bolup, birinji bölümi biziň ýurdumyzda ekerançylyk medeniýetiniň döremegine, onuň taryhyna bagyşlanýar.

Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda Jeýtun obasynyň ýanynda oturymly ekerançylygyň ilkinji alamatlarynyň tapylmagy möhüm taryhy waka bolup durýar.Sergide şol ýerden tapylan arheologiki tapyndylar bolan soky daşlar, owguçlar, oraklar, Marguşdan tapylan hasyllylygyň nyşany bolan aýal heýkeljikleri görkezilýär.

Bu ýerde täsin eksponatlaryň birini gipsiň ýüzündäki ak bugdaýyň yzlaryny hem görüp bolýar. 1904-nji ýylda R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde Änewde biziň eýýamymyzdan öňki dördünji müňýyllyga degişli ak bugdaýyň däneleri tapylýar. Şoňa görä-de türkmen topragy ak bugdaýyň mekany hasaplanylýar.

Birinji bölümde orta asyrlara degişli zähmet gurallary, oba hojalygyna degişli esbaplar sergilenýär.Serginiň ikinji bölümi Türkmenistanda ХХ asyryň 30-50-nji ýyllarynda oba hojalygynyň ösüşine bagyşlanýar. Şol ýyllaryň fotosuratlarynda pagta meýdany, ýygymçy gelin-gyzlar, ilkinji traktor, hasylyň ýygylýan gyzgalaňly pursady, daýhanlaryň edermenligi görkezilýär.

Sergide türkmeniň ak öýi hem görkezilýär.Ol ýerde daýhanlaryň gündelik durmuşynda ulanylan el degirmeni, repide, kendirik, elek, bugdaý çuwallary, agaç tabaklar ýaly esbaplary görmek bolýar.Serginiň dowamynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň bereketli topragynda öndürilýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny wasp edýän nakgaşçylyk eserleri, resmi fotosuratlar, haly we haly önümleri, içi pagtaly horjunlar, türkmen halkynyň bereket bolçulygyny alamatlandyrýan bugdaý desseleri görkezilýär.

Giňden görkezilen bakja we gök önümler serginiň esasy özenini düzýär.

Ýene degişli makalalar

16.09.2019 | Milli Liderimiziň Türkmen alabaýy diýen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Milli Liderimiziň Türkmen alabaýy diýen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
09.12.2019 | Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy atly neşiriň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy atly neşiriň nobatdaky sany çapdan çykdy
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Türkmenistanyň alpinistleri Manaslu depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler