Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde halkara maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde halkara maslahaty geçirildi

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýlip, mynasyp atlandyrylan şanly senämizde Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili, türkmen edebiýatynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň bize miras galdyran gymmatly eserleri halkymyzyň beýik ruhuny galkyndyrmakda ebedilik hazyna çeşmesi hökmünde hyzmat edýär.

Berkarar döwletimizde edebiýatymyza hem-de sungatymyza degişli görnükli şahsyýetlerimiziň döredijilik hazynasyny öwrenmekde ähli mümkinçiliklere giň ýol açyldy. Türkmeniň milli Lideri alym Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan, ýokary döredijilik eseriniň üsti bilen dana akyldarymyz bolan Magtymguly Pyragyny wasp etmegi bütin türkmen halkyny çäksiz begendirdi. Aşgabat şäheriniň çäginde beýik akyldar şahyrymyzyň uly göwrümli heýkeliniň gurulmagy bizi diýseň buýsandyrdy.

Belent ruhubelentlik duýgularyna beslenýän şu ajaýyp günde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatynyň II bölümçesiniň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda ajaýyp dabara gatnaşmak maksady bilen gelen ýokary derejeli myhmanlar ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda oňyn hyzmatdaşlyklaryň ilerlemegi ugrunda amala aşyrylýan özara bähbitli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi babatda giňişleýin çykyş etdiler. Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar şanly sene bilen baglanyşykly beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik eserleriniň düýpli öwrenilmegi geljek nesiller üçin gymmatly çeşme bolup durýandygy hakynda beýan etdiler.

Mejlisi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow gutlag sözi bilen açdy.Mejlisiň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we Yslam Gollanmasynyň Yslam gatnaşyklarynyň we medeni guramanyň başlygy Imanipur Muhammetmähdi, Hindistan Respublikasynyň Medeniýet ministriniň goşmaça sekretary, maliýe meseleleri boýunça geňeşçisi Ranjana Çopra, Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrliginiň Baş sekretarynyň orunbasary Mohd Yusri Mohd Yusoff, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Edebiýat we sungat gazetiniň habarçysy Süleýman Ilamanow, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ýusup Lallakow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Enejan Altyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Bahartäç Rüstemowa çykyş etdiler.

Maslahatda örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylaryň ählisi biragyzdan Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly bilen baglanşykly, beýik söz ussadynyň durmuşyny we döredijiligini wasp edýän sergi bölümine hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan baýramçylyk sergisine aýlanyp gördüler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi
Emine Erdogan BMG-nyň çakylygyna laýyklykda Nýu-Ýorka gider
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew Nasaf bilen duşuşykda esasan ýaş oýunçylara mümkinçilik berdi