Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garamak meseleleri, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça bu düzümleriň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hemmesini sanly wideoaragatnaşyga çagyryp, ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýewyň hasabatyny diňledi. Ministr ýanwar —iýun aýlarynda garamagyndaky düzümleriň ýerine ýetiren işleri, ýazky harby gulluga çagyrylyşyň jemleri, hormatly Prezidentimiziň işgärler düzümini berkitmek, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň wezipelerini çözmekde goşunlaryň ähli görnüşlerini häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün etmegiň möhüm şert bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzüm bölekleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünär derejeli serkerdeleri taýýarlamak ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini esasy ugurlaryň hatarynda görkezdi. Ýaşlaryň arasynda harby gullugyň ähmiýeti barada düşündiriş işlerini geçirmek, jemgyýetçilik-ynsanperwer taýýarlygyny bedenterbiýe hem-de sport bäsleşikleri bilen utgaşdyrmak möhümdir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew IIM-niň birinji ýarym ýylda alyp baran işleriniň jemleri, ýangyn howpuna garşy, jemgyýetçilik tertibini saklamak, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça düzgünleriň berjaý edilmegini üpjün etmek ugrunda geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Içeri işler ministrliginiň düzüm bölekleriniň işinde ýokary hilli we döwrebap tehniki serişdeleriň işjeň ulanylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti hem-de zyýanly endikleriň adam bedenine ýetirýän zyýany, ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilmeginiň zerurdygy barada düşündiriş işleriniň geçirilmegi esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda ministre birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Diýarymyzyň mukaddes çäkleriniň asudalygyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, serhetçi esgerleriň we serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi üçin döredilýän şertler barada hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň köpasyrlyk dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan ähli goňşy döwletler bilen dostluk serhedine öwrülmelidigini belledi. Milli Liderimiz serhet goşunlarynyň öňünde durýan wajyp wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga ukyply ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagynyň häzirki döwriň möhüm talaplarynyň biridigine ünsi çekip, bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýewiň hasabaty diňlenildi. Ol ýanwar — iýun aýlarynda milli kazyýet ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärlerine örän jogapkärçilikli wezipeleriň degişlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz kazyýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň bu düzümiň işiniň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan işiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin kazyýet önümçiligini guramagyň döwrebap ugurlaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýew hereket edýän kadalaşdyryjy hukuknamalaryň birkemsiz ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň, hem-de milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagyň, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň bu edaranyň möhüm borjy bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy geçirilýän barlaglaryň netijeleri boýunça prokuror gözegçiligini işjeňleşdirmekde möhüm hasaplanylýan çäreleriň netijeli amala aşyrylmalydygyny belläp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de 2020-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň ygtybarly goragyny, milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwletimizde we jemgyýetimizde durnuklylygy saklamak maksady bilen degişli düzümler bilen utgaşyklylykda amala aşyrylan çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň ýurdumyzyň konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramaga, häzirki döwrüň dürli wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleriniň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň, öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary giňden peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, düzümiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Adalat ministri B.Muhammedow milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de şu ýylyň birinji ýarymynda milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň möhümdigine ünsi çekip hem-de bu ulgamda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyny umumy ykrar edilen halkara hukuk namalaryna utgaşdyrmak boýunça dünýä tejribesini öwrenmegiň we bu babatda degişli teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy täze kabul edilýän we hereket edýän kanunlary ýurdumyzyň ilatyna düşündirmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini aýtdy we bu babatda ministre degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we ony tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, gümrük gullugynyň işini kadalaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çärelere berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz gullugyň düzümleýin bölümlerine dünýä tejribesinde giňden ulanylýan utgaşykly maglumat ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetlidigini belläp, bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleriniň işiniň netijeliligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylan anyk çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa hyzmatlary ýola goýlanda we döwlet gözegçiligi amala aşyrylanda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak arkaly howpsuzlygy üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we şu ugurda umumy kabul edilen halkara tejribesini öwrenmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işlerini dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Milli goşunymyzyň kuwwatyny we goranyş ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem bu edaralaryň şahsy düzümleriniň söweşjeň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we goranyş häsiýetine eýe bolan harby-syýasy strategiýasynyň Watanymyzyň diňe bir tutuş dünýäde howpsuzlyga hem-de parahatçylyga pugta ygrarlydygyny äşgär etmän, eýsem, öz bähbitlerini goramaga we saklamaga gyzyklanmasyny alamatlandyrýandygyny belledi. Milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, biz döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris diýip belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, döwletimiziň harby gullukçylar, olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada etjekdigini aýtdy.Olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, Watana halal gulluk edip uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirýäris we bu ugurda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam ederis.
Döwletimiz harby gullukçylarymyz barada hemişe alada eder diýip, milli Liderimiz nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşanlara jan saglyk we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen jogapkärli gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.