Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri girizildi.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň gulluk etmegi we ýaşamagy üçin zerur şertleri döretmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görmek ýurdumyzyň goranmak ministrliginiň ýolbaşçysynyň hasabatynyň aýratyn meselesi boldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň goranmak ministrliginiň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramakdan ybaratdygyny nygtady. Milli Liderimiz şunda goşunlaryň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmagyň möhüm talapdygyny aýdyp, bu meseläni hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýokary hünär okuw mekdeplerinde serkerdeleriň hünär taýýarlygy ulgamyny kämilleşdirmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň arasynda düşündiriş işlerini hem-de sport ýaryşlaryny guramak barada ministre anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz şeýle hem eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesi mynasybetli guraljak harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Içeri işler ministri M.Çakyýew 2020-nji ýylyň geçen ýedi aýynda düzümiň işiniň netijeleri hem-de ulag ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, IIM-niň düzümleriniň işinde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ozal berlen tabşyryklara laýyklykda taýýarlanylan hem-de neşe serişdelerini ýakmak üçin niýetlenen desganyň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz ministrligiň ähli düzümleriniň sazlaşykly hereket etmeginiň möhümdigine nygtap, ýol- gözegçilik gullugynyň işini talabalaýyk guramaga aýratyn üns bermegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýollarda hereket etmegiň düzgünlerini berjaý etmegiň, ilatyň arasynda degişli düşündiriş çärelerini guramagyň hemişe üns merkezinde saklanylmagynyň zerurdygy bellenildi.
Milli Liderimiz IIM-niň ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini hem-de kanunçylygy üpjün etmäge, dürli hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gönükdirilen işlerini esasy ugurlar hökmünde kesgitläp, ministre anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ähli döwlet edaralarynyň, şol sanda Içeri işler ministrliginiň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin maglumat tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp, degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy aýgytly göreşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, häzirki wagtda bu babatda netijeli çäreleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hödürlenen taslamalary makullap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa we içeri işler ministrine anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Türkmenistanyň serhetlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de gullugyň 2020-nji ýylyň ýedi aýyndaky işleriniň netijeleri we Watan goragçylarynyň gulluk etmegi üçin döredilýän şertler hakynda hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň serhetleriniň goňşy we beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň binýady bolup, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagynyň nyşany hökmünde çykyş etmelidigini belledi.
Döwlet serhediniň ygtybarly goralmagy baş wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň çäklerinde Döwlet serhet gullugynyň birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, kazyýet önümçiligini talabalaýyk guramak, şonuň ýaly-da ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň, ozaly bilen, kazylaryň abraýynyň hem-de kazyýet iş ýöredilişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Bu edaranyň esasy wezipesi bolan türkmenistanlylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goraglylygy doly derejede üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz mejlisiň dowamynda kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejesini bermek hakynda Permana gol çekdi.
Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan geçirilen işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Prokuratura edaralarynyň işi döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda kanunyň rüstemliginiň üpjün edilmegine gönükdirilendigini aýdyp, bu edaranyň işgärleriniň kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmalydyklaryny belledi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda işleriň guralmagyna aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.
Soňra prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetiren işler, döwletimiziň bähbitlerini goramak, jemgyýetimiziň durnuklylygy saklamak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň işiniň konstitusion gurluşyň hem-de çäk bitewiliginiň goralyp saklanylmagyna gönükdirilmelidigini belledi. Milli Liderimiz dürli howplara hem-de häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, işgärler düzümini berkitmegi, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmagy tabşyrdy.
Soňra adalat ministri B.Muhammedow ýedi aýda geçirilen işleriň netijeleri, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk binýadyny ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly gelip gowuşýan teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň alyp barýan işleri barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň kanunçylyk taýdan berkidilmeginiň bu düzümiň öňünde durýan ileri tutulýan wezipedigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ilatyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň ministrligiň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.
Esasy Kanunymyzda adamzadyň iň gowy gazananlary hem-de häzirkizaman halkara tejribesi hasaba alnyp, Watanymyzyň şu günki hem-de geljekki ösüşiniň möhüm we ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapmalydyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, amala aşyrylýan özgertmeleriň düýp mazmunynyň hem-de ähmiýetiniň giň jemgyýetçilige ýetirilmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir diýip, milli Liderimiz anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de hormatly Prezidentimiziň bu düzümiň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňdebaryjy halkara tejribesiniň hem-de iň täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň gullugyň ähli düzümlerinde ornaşdyrylmagynyň möhümdigini aýtdy. Ýurdumyzyň gümrük serhediniň üstünden harytlaryň hem-de ulag serişdeleriniň geçirilmeginiň tertibiniň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzgünleriň umumy ykrar edilen ölçeglere laýyklykda geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýanwar-iýul aýlarynda geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp. migrasiýa gullugynyň işiniň guralyş derejesine nägilelik bildirip, gullugyň başlygyna duýduryş yglan etdi hem-de düzümiň üstüne ýüklenilen wezipeleriň birkemsiz ýerine ýetirilmegini talap etdi. Hormatly Prezidentimiz bu düzümiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere laýyklykda, ýylyň başyndan bäri Milli goşunymyzyň kuwwatynyň hem-de goranyş ukybynyň pugtalandyrylmagyna, bu düzümleriň şahsy düzüminiň söweşjeň we hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna, gulluk düzgün-tertibiniň berjaý edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, üstünlikli amala aşyrylýan goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň Diýarymyzda parahatçylygyň hem-de asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi. Watanymyzyň mukaddes çäklerini hüşgär goraýan harby gullukçylaryň eserdeňligi netijesinde, türkmen halkynyň döredijilikli zähmeti üçin ähli şertler döredilýär.
Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň häzirki zaman tehnikasy bilen enjamlaşdyrylmagyny işgärler düzüminiň berkidilmegini, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin mynasyp şertleriň döredilmegini işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Watançylyk-terbiýeçilik işleriniň ähmiýetine aýratyn üns berildi, bu işleriň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi üçin degişli çäreleri guramak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Türkmenistanyň alyp barýan, parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň möhüm ugurlaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini belledi.
Şonuň bilen birlikde, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edilýär.Olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli şertleri döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Döwletimiz geljekde hem bu ugurdaky işleri dowam eder diýip, milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde şeýle hem beýleki meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara berk jan saglyk we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.