Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda şu ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň geçen döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny, şol sanda goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşun düzümlerinden we harby edaralardan çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga çagyrmak işlerini ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen şertler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Milli Goşunymyzyň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, dünýäniň ösen tejribesini işjeň özleşdirmek, ýokary derejeli hünär eýeleri bolan harby gullukçylary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik we harby-syýasy strategiýasynyň ygtybarly binýady bolmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesini hem-de daşary syýasy ugruny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan Harby doktrinanyň onuň esasyny düzmelidigini belledi.
Milli Liderimiz harby doktrinada kesgitlenilen wezipelerden ugur alyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şahsy düzümler hakynda aladany güýçlendirmek, olaryň durmuş, gulluk hem-de dynç alyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli tagallalary etmek bilen bagly meseleler möhüm ähmiýet berilmelidir diýip aýtdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň ata Watanymyza söýgüsini artdyrmak we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Içeri işler ministri M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozmalaryň öňüni almak hem-de ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Ministr “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilen biraýlygyň netijeleri barada aýdyp, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ulag ýollarynda heläkçilikleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen çäreler barada-da hasabat berdi.
Şeýle hem ol ministrlige degişli gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, şol sanda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde guruljak athananyň hem-de ministrligiň institutynyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän umumyýaşaýyş jaýynyň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de IIM-niň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, tertip-düzgüniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň içeri işler edaralarynyň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Ministrligiň ähli bölümleriniň degişli tehnikalaryň täze görnüşleri bilen enjamlaşdyrylmagy, düzümlere häzirki zaman guramaçylyk usullarynyň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy öňde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Milli Liderimiz ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmegiň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belläp, edaralarda we kärhanalarda, ilatyň arasynda ýangyn howpsuzlygy boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň hem-de bu ugra degişli ähli düzgünleriň yzygiderli berjaý edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ministrligiň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygyny, degişli desgalaryň gurluşygyny batly depginde dowam etmelidigini aýdyp, görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine we bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmegine berk gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tabşyrdy. .
Döwlet serhet gullygynyň başlygy Ş.Durdyýew şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň asudalygyny üpjün etmek, serhetçileriň gulluk we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gullugyň dolandyryş düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işler barada-da hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen parahatçylyk söýüjilik we özara hormat goýmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini dost-doganlyk serhedine öwürmekde Serhet goşunlaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes borjy ýerine ýetirýän serhetçiler hut şu ýörelgelerden ugur alyp, döwlet serhetlerini gije-gündiziň dowamynda ygtybarly goramak bilen, eziz Diýarymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmelidirler diýip, sözüni dowam etdirdi.
Serhet goşunlarynyň öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmegi harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, bu babatda Gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamyň berjaý edilmegine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy-Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Ş.Durdyýewe berk käýinç yglan etdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hukuk özgertmeleriniň ilerledilişi hem-de ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazylaryň kanunçylyk namalarynyň kabul edilen kadalaryna laýyklykda, ykdysady, raýatlyk, dolandyryş, jenaýat we beýleki meseleleriň çözgüdini üpjün edýän häzirki zaman döwlet düzümi bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz kazyýet ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň wajyp meseleleriň biridigini belläp, kabul edilýän çözgütlerde kanunçylygyň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, birnäçe düzümlerde geçirilen seljermeleriň jemleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli görnüşli hukuk bozmalaryň wagtynda öňüni almagyň, sebäplerini we şertlerini ýüze çykarmagyň bu gullugyň düzümleriniň öňünde durýan wajyp wezipelerdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz döwlet häkimiýet edaralarynyň, öz-özüňi dolandyryş we ýerli häkimiýet ýerine ýetiriş düzümleriniň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, wezipeli şahsyýetleriň hem-de beýleki raýatlaryň işlerinde kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda milli Liderimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permana hem-de Karara gol çekdi.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda milli howpsuzlygy üpjün etmek, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryny ygtybarly goramak boýunça amala aşyrylan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň jogapkärli wezipäni alyp barýandygyny, hut şu nukdaýnazardan, döwletimiziň okgunly ösüşiniň bähbidine güýç-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrman netijeli gulluk etmelidiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimizde abadançylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde alnyp barylýan işler talaba laýyk derejede dowam etdirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tejribesini we tehnologik işläp taýýarlamalaryny işjeň öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Milli howpsuzlyk ministrliginiň şahsy düzüminiň hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmak meselelerine üns bermegi tabşyrdy.
Soňra adalat ministri M.Muhamedow şu ýylyň geçen 9 aýynda kanunçylyk binýady kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler, kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ilatyň arasynda geçirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy we hukuk tejribesinde konstitusion hukuklaryň, raýatlaryň azatlyklarynyň hem-de kanunçylygyň ygtybarly goragyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipedigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň hukuk düşünjesini we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde kanunçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen wagyz-nesihat işlerinde durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda häzirki zaman usullaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp. Türkmenistanyň ykdysady ösüşiň täzeçil ýoluna geçmeginiň, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy üçin oňyn şertleriň döredilmeginiň, daşary ykdysady işiň möçberiniň, häsiýetiniň we görnüşleriniň kämilleşdirilmeginiň gümrük gullugynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny talap edýändigini aýtdy.
Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmak gullugyň wajyp wezipesi bolup durýar. Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny çekmek, Döwlet býujetine gelýän girdejileri artdyrmak, Diýarymyzyň önüm öndürijilerini hem-de şahsy eýeçiligiň desgalaryny goramak we gümrük işiniň hilini hem-de netijeliligini gowulandyrmagyň esasynda daşary söwda ýardam bermek maksady bilen, degişli şertleri döretmek üçin anyk işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky bar bolan oňyn tejribeleri, umumy kabul edilen kadalary we ülňüleri nazara alyp, onuň guramaçylyk-dolandyryş işiniň döwrebaplaşdyrylmalydygyny belledi hem-de bu babatda Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy M.Gurdowy Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi. Milli Liderimiz bu wezipä B.Öwezowy belläp, ony gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlyklygyna bellenilen B.Öwezow Türkmenistanyň mukaddes Döwlet baýdagyna tagzym edip, mähriban Watanymyza wepaly gulluk etmek, halkymyzyň parahat we döredijilikli durmuşynyň goragynda durmak barada harby kasamy kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz halkara gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýän döwründe bu gullugyň her bir işgäriniň düzümiň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine mynasyp goşant goşmalydygyny belläp, bu gullugyň ýolbaşçysyna döwrebap maglumat-tehniki serişdeleri işjeň ulanmak we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň geçen dokuz aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşy hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de halkara işjeň hyzmatdaşlyk ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän ýurdumyzyň tutuşlygyna goranyş häsiýetine eýe bolan we Watanymyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň parahat hem-de abadan durmuşynyň kepili bolan Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukybynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Harby doktrinany amala aşyrýandygyny belledi.
Ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeler hut şu maksada gönükdirilendir. Onda Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ähli düzümleriň häzirki zaman enjamlary we täze ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegine, harby gullukçylaryň durmuş meseleleriniň çözülmegine hem-de hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralar üçin kesgitlenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, şahsy düzümleriň, serkerdeleriň hünär derejesine hem-de hukuk taýýarlygyna, döwrebap tehniki serişdelere we tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edişine baglydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa käýinç yglan etdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan goranmak häsiýetli harby taglymatyň binýadyny düzýän parahatsöýüjilik we ynsanperwer ýörelgelerine eýerip, döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-tehniki binýadyny yzygiedrli ýokarlandyrýar.
Milli Liderimiz mundan beýläk-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň gulluk etmegi we ýaşaýşy üçin mynasyp şertleri üpjün etmek barada mundan beýläk-de alada eder.
Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we ata Watanymyzyň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.