7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda şu
ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi we maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen goranmak
ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň geçen döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby
gullukçylary boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga
çagyrmak işlerini ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen şertler baradaky
maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Milli
Goşunymyzyň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna
ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly
Berdimuhamedow harby gullukçylaryň ata Watanymyza söýgüsini artdyrmak we olary
watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu
babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Içeri işler ministri
M.Çakyýew “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilen
biraýlygyň netijeleri barada aýdyp, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň
işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ulag ýollarynda heläkçilikleriň öňüni almak
maksady bilen geçirilen çäreler barada-da hasabat berdi.
Şeýle hem ol
ministrlige degişli gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, şol sanda Ahal
welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde guruljak athananyň hem-de ministrligiň
institutynyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän umumyýaşaýyş jaýynyň
taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, tertip-düzgüniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň
içeri işler edaralarynyň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Gurluşyklarda
ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine we bellenilen möhletinde ulanylmaga
berilmegine berk gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, hormatly tabşyrdy.
Döwlet serhet gullygynyň başlygy Ş.Durdyýew
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, degişli düzümleriň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gullugyň dolandyryş düzüminiň
işini kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işler barada-da
hasabat berdi.
Milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes borjy ýerine ýetirýän serhetçiler hut şu
ýörelgelerden ugur alyp, döwlet serhetlerini gije-gündiziň dowamynda ygtybarly
goramak bilen, eziz Diýarymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün
etmelidirler diýip, sözüni dowam etdirdi. Serhet goşunlarynyň öňdebaryjy
tehniki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmegi harby gullukçylaryň hünär
derejesiniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni
dowam edip, bu babatda Gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talaba
laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamyň
berjaý edilmegine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet
gullugynyň başlygy-Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Ş.Durdyýewe berk käýinç
yglan etdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň
başlygy G.Hallyýew hukuk özgertmeleriniň ilerledilişi hem-de ýolbaşçylyk edýän
düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazylaryň kanunçylyk namalarynyň
kabul edilen kadalaryna laýyklykda, ykdysady, raýatlyk, dolandyryş, jenaýat we
beýleki meseleleriň çözgüdini üpjün edýän häzirki zaman döwlet düzümi bolup
durýandygyny belledi.
Şeýle hem milli
Liderimiz kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky
resminamalara gol çekdi.
Baş prokuror B.Atdaýew
şu ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de hormatly
Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, birnäçe
düzümlerde geçirilen seljermeleriň jemleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
dürli görnüşli hukuk bozmalaryň wagtynda öňüni almagyň, sebäplerini we
şertlerini ýüze çykarmagyň bu gullugyň düzümleriniň öňünde durýan wajyp
wezipelerdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
döwlet häkimiýet edaralarynyň, öz-özüňi dolandyryş we ýerli häkimiýet ýerine
ýetiriş düzümleriniň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, wezipeli
şahsyýetleriň hem-de beýleki raýatlaryň işlerinde kadalaşdyryjy-hukuk
namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmegiň zerurdygyny
belläp, öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi
tabşyrdy.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisiniň dowamynda milli Liderimiz prokurorlary wezipä bellemek we
wezipeden boşatmak hakyndaky Permana hem-de Karara gol çekdi.
Milli howpsuzlyk
ministri G.Annaýew 2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda milli howpsuzlygy
üpjün etmek, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryny ygtybarly
goramak boýunça amala aşyrylan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň jogapkärli wezipäni alyp barýandygyny,
hut şu nukdaýnazardan, döwletimiziň okgunly ösüşiniň bähbidine güýç-gaýratyny,
bilimini we tejribesini gaýgyrman netijeli gulluk etmelidiklerini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimizde abadançylygy we hukuk tertibini üpjün
etmek boýunça beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde alnyp barylýan
işler talaba laýyk derejede dowam etdirilmelidir.
Soňra adalat ministri
M.Muhamedow şu ýylyň geçen 9 aýynda kanunçylyk binýady kämilleşdirmek boýunça
ýerine ýetirilen işler, kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň mazmunyny
we ähmiýetini düşündirmek boýunça ilatyň arasynda geçirilen çäreleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy we hukuk
tejribesinde konstitusion hukuklaryň, raýatlaryň azatlyklarynyň hem-de
kanunçylygyň ygtybarly goragyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny
yzygiderli durmuşa geçirmegiň bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipedigini
nygtady.
Döwlet gümrük
gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny
ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem gümrük gözegçiligi amala
aşyrylanda häzirki zaman usullaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak
boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.
Watanymyzyň ykdysady
howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmak gullugyň wajyp wezipesi bolup durýar.
Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny çekmek, Döwlet
býujetine gelýän girdejileri artdyrmak, Diýarymyzyň önüm öndürijilerini hem-de
şahsy eýeçiligiň desgalaryny goramak we gümrük işiniň hilini hem-de
netijeliligini gowulandyrmagyň esasynda daşary söwda ýardam bermek maksady
bilen, degişli şertleri döretmek üçin anyk işleriň amala aşyrylmalydygyny
belledi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy M.Gurdowy Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy
wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi. Milli Liderimiz bu wezipä
B.Öwezowy belläp, ony gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň
geçen dokuz aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň
möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada
hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Belent
Serkerdebaşy hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik,
hoşniýetli goňşuçylyk hem-de halkara işjeň hyzmatdaşlyk ýörelgelerini döwlet
syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän ýurdumyzyň tutuşlygyna
goranyş häsiýetine eýe bolan we Watanymyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň
parahat hem-de abadan durmuşynyň kepili bolan Ýaragly Güýçleriniň goranyş
ukybynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Harby doktrinany amala aşyrýandygyny
belledi.
Döwlet Baştutanymyz
wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary Ç.Amanowa käýinç yglan etdi.