Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine türkmen döwletiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy we işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi.Ministr 2022-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Ýaragly Güýçleriň düzümlerinde alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň pugta berjaý edilmegine gözegçiligiň amala aşyrylmagy boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işler hem-de ýol-ulag hadysalaryny öňünden duýdurmak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk düzgün-tertibini saklamak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça 2022-nji ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew howpsuzlygy üpjün etmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň gazananlaryny ygtybarly goramak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ata Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow geçen iki aýda täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlemek boýunça alnyp barlan işler hem-de raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde ilata hereket edýän kanunçylyk hukuk namalaryny düşündirmek babatda geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz adalat ministri M.Taganowa ýüzlenip, kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmagy hem-de olara degişli teklipleri we hukuk netijenamalaryny bermegi tabşyrdy.Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri gullugyň alyp baran işleri hem-de hormatly Prezidentimiziň gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň köpelmegi bilen baglylykda, gullugyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew şu döwürde edaranyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, şu günler ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň dowam edýändigini belledi.

Bu çäre häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, onda türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda ähmiýetli ädimdir.Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy D.Meredow ýurdumyzyň Konstitusiýasynda eks-prezident barada ýörite kada-kanunlaryň bardygyny belläp hem-de şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy hökmünde Konstitusiýanyň maddalary esasynda amala aşyrylmaly işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň iki aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri, gözegçilik edýän edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şahsy düzümiň arasynda düzgün-tertibi pugtalandyrmak, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, bu resminamada bellenilen çäreleriň takyk we öz wagtynda ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek we döwrüň talabyna laýyk getirmek üçin kanunlara zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada tabşyryklaryň berlendigine Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni ýene-de bir gezek çekdi.

Milli Liderimiz goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, harby özgertmeleri hem-de bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Şu babatda milli Liderimiz Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatynyň çäklerinde harby özgertmeleri geçirmegi we bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam edip, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky”, “Goranmak hakyndaky”, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky”, “Gümrük gullugy hakyndaky” Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy.

Häzirki döwürde hukuk tertibini we kanunylygy üpjün etmek demokratik jemgyýeti ygtybarly ösdürmegiň hökmany şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Jenaýat kodeksiniň kadalaryny we düzgünlerini kämilleşdirmek boýunça hem işleri dowam etdirmek zerurdyr.

Kiberjenaýatçylyga, internet we maglumatlary goramak ulgamlaryndaky jenaýatçylyga garşy göreşmek işlerine hem aýratyn üns berilmelidir.Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ähli işleri ýerine ýetirmek, şol sanda bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşyp, degişli teklipleri we bellikleri bermek gerek diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň netijelerini jemläp, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny belledi. Şu maksatlara esaslanyp, biziň kabul eden Harby doktrinamyz goranyş häsiýetine eýedir.

Bu strategik resminamanyň düzgünlerinden ugur alnyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, ýurdumyzyň goranmak ukyby has-da berkidiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunda Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işleriň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdiriljekdigine aýratyn üns çekildi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz Watan goragçylary barada hemişe alada eder.Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini tamamlap, oňa ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi