Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi.Ministr bu düzüm tarapyndan ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda goşunlaryň dürli kysymlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, esgerleriň hem-de serkerdeleriň netijeli gullugy üçin ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň başyndan bäri kanunylygy, adam hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berildi.

Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow IIM-niň düzümlerinde 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda durmuşa geçirilen işler hem-de hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, kärhanalarda, edaralarda, ýurdumyzyň sebitlerinde ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow kazyýet düzümlerinde degişli döwürde alnyp barlan işleriň jemleri, döwrüň talaplaryna laýyklykda kazyýet işlerini guramak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew berkarar türkmen döwletiniň gazananlaryny ygtybarly goramak, asuda jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmek boýunça ýanwar aýynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümiň işinde öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Watan goragçylarynyň mynasyp gulluk etmegi üçin döredilýän şertler, serhet goşunlaryny iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen durmuşa geçirilen toplumlaýyn işler, kabul edilýän hukuk resminamalarynyň maksatlaryny we wezipelerini raýatlara düşündirmek boýunça guralan çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe geçirilen işleriň jemleri, düzüm böleklerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasaba almagyň sanly tehnologiýalaryny yzygiderli ornaşdyrmak, daşary ykdysady amallaryň seljermesi barada hasabat berildi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda edaranyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Şahsy düzümiň öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi, işleriň yzygiderli kämilleşdirilmegi esasy talaplaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda işleriň ýagdaýy, olaryň ýylyň başyndan bäri harby özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Ugurdaş edaralarda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak, bu ugurda öňdebaryjy halkara iş tejribesini seljermek, şeýle hem Milli goşunymyzyň işgärler mümkinçiliklerini berkitmek, esgerleriň hem-de serkerdeleriň mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça geçirilen işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň durmuş üpjünçiligi meseleleriniň oňyn çözülmegi, olaryň maşgala agzalary baradaky aladanyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy, netijeli zähmet çekmegi, Watanymyzyň bähbidine ak ýürekden gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmagy ugrunda toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny nygtap, döwletimiziň geljekde hem bu ugurda degişli işleri geçirjekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça möhüm hem-de jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýanwar aýyndaky işleriniň jemlerine seredildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi