Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.

Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşunymyzyň harby birikmelerinde ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, degişli düzümleriň işgärler kuwwatyny berkitmek hem-de harby gullukçylaryň durmuş goraglylygyna degişli meseleleri çözmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek hem-de harby gulluga çagyryş möwsümini ýokary derejede guramak meseleleri barada hem aýdyldy.Içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, düzgün bozmalaryň öňüni almak hem-de ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

IIM-niň ýolbaşçysy “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmak, pyýada ýolagçylaryň hem-de sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem habar berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň sekiz aýynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de milli kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de özgertmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.Baş prokuror B.Atdaýew ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça ýanwar — awgust aýlarynda görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça degişli işlerde geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2021-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzda asudalygy saklamak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyk getirmegiň hasabyna kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň geçen döwründe bu düzümiň işini kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen gümrükhanalarda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew 2021-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň gerimli harby özgertmelerini durmuşa geçirmek boýunça gözegçilik edýän edaralarynda ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işler hem-de Milli goşunymyzyň kuwwatyny we goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby-hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň söweşjeň hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, gulluk tertip-nyzamyny berjaý etmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri barada durup geçip, bu ajaýyp senäniň hormatyna guraljak dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gullugynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Jemgyýetiň asudalygy raýatlaryň bagtyýarlygy
5 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Halkymyzyň abadan durmuşy üpjün edilýär
Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2 aýda bitiren işleriniň jemine seretdi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi