Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdy.

Göçme mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarda 2021-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy hem-de ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly bu düzümleriň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birine geldi.Bu ýerde hormatly Prezidentimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bu ýerde geçiriljek çärelere görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty kabul edip, täze toplumyň guruljak ýerini hem-de tebigy aýratynlyklaryny synlady.Bu ýerleriň özboluşly aýratynlygy, dag howasy ahalteke bedewlerine ýaramly howa gurşawyny döreder.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli atçylyk toplumyny bina etmek üçin seçilip alnan ýeri makullap, 500 at saklamak üçin niýetlenen atçylyk toplumynyň taslamalary hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde içeri işler ministri M.Çakyýew taýýarlanylan taslamalar hem-de toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olarda dörediljek şertler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.Toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 40 gektara barabar bolup, onuň çäklerinde edara binasy, münberler, açyk manež, bedewler, taýlar hem-de höwür atlar üçin niýetlenen desgalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary, tehnikalar üçin niýetlenen desga, atlaryň türgenleşik meýdançasy, çapuw ýodasy, suw howuzlary, awtoduralga, karantin binasy we beýlekiler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerlerini görkezýän çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine ugrady.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi.Ministr özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde geçen dört aýda ýerine ýetirilen işler, Milli goşunymyzyň harby düzümlerini iň täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýazky çagyryş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew 2021-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzda hukuk düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almaga hem-de jemgyýetçilik tertip-düzgünini saklamaga, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýollarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, ýol gözegçilik gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, degişli düzümlerde sanly ulgama geçmek işleriniň barşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygyň we hukuk düzgün-tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligiň möhümdigini nygtady.Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmegiň meseleleri mydama üns merkezinde saklanylmalydyr.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän edarasynda dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişini seljermek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi. Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow Türkmenistanda 2017 —2021-nji ýyllarda kazyýet ulgamyny ösdürmegiň döwlet Maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler, şonuň ýaly-da, degişli düzümleriň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, işgärleriň netijeli gulluk etmegi üçin degerli şertleri döretmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de bellenilen ähli giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň aýrylmaz şerti bolan amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew 2021-nji ýylyň ilkinji dört aýynda ýolbaşçylyk edýän düzüminde bitirilen işler, ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramagy güýçlendirmek, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow ýanwar — aprel aýlarynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şol sanda döwrüň belent maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gümrük gözegçiliginiň berk berjaý edilmegi babatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň serhetlerinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň artmagy bilen baglylykda, döwrüň talaplaryna laýyklykda gullugyň işini guramak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gullugyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Ýükleriň möçberleriniň yzygiderli artmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki derejesiniň berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmeginiň hem-de netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini belläp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow geçen dört aýda durmuşa geçirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gullugyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, işgärler bilen üpjün edilişini pugtalandyrmak barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmagy, ýaş, başarjaň işgärleri taýýarlamagy mundan beýläkki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.Milli Liderimiz gullugyň ähli düzümleriniň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmalydygyny nygtap, anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine, döwlet emläginiň netijeli ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça dört aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmeli desgalardaky işleriň ýagdaýyna geçirilen seljerme işleriniň netijesi barada hem aýdyldy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler, şonuň ýaly-da, durmuş meselelerini çözmekde bitirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz goranmak häsiýetli Harby doktrinanyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin harby we hukuk goraýjy düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň hem-de Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalarynyň wajypdygyny belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna özüniň garamagyndaky düzümleriň tabşyryklary öz wagtynda hem-de birkemsiz ýerine ýetirmegine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow göçme mejlisi jemläp, ýygnananlara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýanwar aýyndaky işleriniň jemlerine seredildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi