Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy, şeýle hem degişli düzümlerde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi açyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümini tassyklamagyň we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemegiň gün tertibiniň esasy meselesidigini aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklanýança, onuň düzümine girýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň ozalky ýolbaşçylary öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirýärler. Şoňa görä-de, bu günki mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän ýolbaşçylary, şeýle hem serkerdeleri çagyryldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümini tassyklamak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek meselelerine geçmek bilen, köp ýyllaryň dowamynda gulluk etmegiň oňyn tejribesini toplandygyny nazarda tutup, B.Gündogdyýewi goranmak ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz B.Gündogdyýewiň bu wezipede geljekde nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

B.Gündogdyýew özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleri ak ýürekden ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine we halkymyzyň parahat, döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durjakdygyna ynandyrdy.

Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden wepaly gulluk etmek baradaky harby kasamy ýerine ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Baş prokuroryň, Ýokary kazyýetiň başlygynyň, içeri işler ministriniň we adalat ministriniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen wezipä bellenilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, B.Atdaýewi ýurdumyzyň Baş prokurory wezipesine belledi we onuň özüne ynanylan wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

B.Atdaýew bildirilen ýokary ynam üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, döwletimizde kanunçylygyň we hukuk tertibiniň saklanmagynyň, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, bagtyýar durmuşynyň bähbidine ukyp-başarnygyny we tejribesini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.

Baş prokuror Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watana, ýurdumyzyň Prezidentine wepaly gulluk etmek baradaky mukaddes kasamy ýerine ýetirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içeri işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ö.Hojanyýazowa ýüzlenip, onuň içeri işler edaralarynda ýolbaşçylyk eden döwründe birnäçe kemçiliklere ýol berlendigini, hususan-da, jemgyýetçilik tertip-düzgünini, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işlerine, şeýle hem polisiýanyň ýerli wekilleriniň işine talabalaýyk gözegçilik etmändigini belledi.

Netijede bolsa ilatyň arasynda jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň gowşamagyna ýol berilýär.Köçelerde sürüjiler tarapyndan ýol hereketiniň kadalary bozulýar.

Bellenilişi ýaly, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň tertip-düzgüni talap etmegiň ýerine özleriniň ters görelde bolýan ýagdaýlary hem duş gelýär. Mundan başga-da ministrlige sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri haýal alnyp barylýar. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleriniň bardygyna garamazdan, olar içeri işler edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde netijeli peýdalanylmaýar.

Ö.Hojanyýazowa bu wezipede işlän döwründe wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi we birnäçe gezek duýduryş berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýagdaýlary nazarda tutup, Ö.Hojanyýazowy içeri işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirmekden boşatdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň Baş prokurory Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik gulluklarynyň alyp barýan işlerine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine ýokary derejede ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ýollar gurulýar. Ýollarda we şäher köçelerinde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegine, sürüjiler we ýolagçylar üçin ýokary derejeli amatlyklaryň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda ýol-ulag hereketiniň sazlaşygy ugrunda giň gerimli işleriň geçirilýändigine garamazdan, käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünlerini gödek bozýan halatlary ýüze çykarylýar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilişi bilen tanyşmak üçin, 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew, Andalyp köçelerinde we Gurbansoltan eje şaýolunda degişli seljerme işleri geçirildi.Onuň dowamynda käbir sürüjileriň ýol hereketiniň kadalaryny bozup, sagatda 60 kilometr tizlikde sürmäge rugsat edilen ýerlerde bu düzgüni gödek bozan ýagdaýlary ýüze çykaryldy. Şunda BA 10 93 AG döwlet belgili awtoulagyň eýesi H.Mämmetgulyýewiň we B.Orazmuhammedowyň BO 82 41 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, K.Nurýagdyýewiň BE 60 46 AH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen sürendikleri ýüze çykaryldy.

Şeýle hem D.Durdylyýew BI 60 17 AH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen, A.Akmämmedow BL 83 27 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, A.Atabadyýew DF 99 26 AH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen, K.Tuşşiýew DF 87 51 AH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 110 kilometr tizlik bilen, B.Garagulow bolsa AN 46 31 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen sürüp, düzgüni gödek bozdular.

Geçirilen seljermäniň dowamynda S.Çalyýewiň BT 21 32 AG döwlet belgili awtoulagyny hem-de I.Annaorazowyň BW 23 80 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen sürendikleri anyklandy.

A.Gurbangeldiýew bolsa özüniň erk edýän BT 44 39 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 60 kilometr tizlikde sürmegiň deregine sagatda 180 kilometr tizlik bilen sürüp, düzgüni has-da gödek bozdy.

G.Muhammetberdiýew sagatda 60 kilometr tizlik bilen sürmek kesgitlenen ýolda BH 53 65 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, A.Döwranow 97 39 AGG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen, M.Çerkezow BR 68 23 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, M.Rejepow 48 53 AGD döwlet belgili awtobusy sagatda 100 kilometr tizlik bilen, A.Abdyýew AL 24 58 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen sürüpdir.

Şeýle hem D.Amanow BD 76 38 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen, N.Baýramow 49 31 AGE döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, R.Orazmuhammedow BS 85 62 AH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, A.Maşaripow BE 51 67 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, Ş.Handurdyýew 70 96 AGE döwlet belgili awtoulagyny sagatda 140 kilometr tizlik bilen, I.Daňatarow AR 14 72 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen, Ş.Kulyýew BW 30 46 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, M.Ataýew BS 52 41 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen sürüp, ýol hereketiniň düzgünini gödek bozdular.

D.Atapolatow BA 51 45 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, G.Durdyýew DE 80 16 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 160 kilometr tizlik bilen, M.Çaryýew BP 32 19 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, G.Orazlyýew AR 32 66 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, H.Annamyradow BE 35 87 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, K.Orazow 84 62 AGH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, M.Hajygurbanow BT 74 58 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, M.Ýazmyradow AR 15 24 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 130 kilometr tizlik bilen süren ýagdaýlarynda saklanyldy.

Munuň özi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işleri talabalaýyk guraman, ýol hereketiniň kadalaryny wagyz etmek we howpsuzlygynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak boýunça netijeli işleri amala aşyrmaýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda düzgün bozujylar degişli jogapkärçilige çekildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, M.Hydyrowy içeri işler ministri wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatdy hem-de M.Hydyrowyň täze, jogapkärli wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

M.Hydyrow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, ministrligiň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda güýç-kuwwatyny, tejribesini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.

Içeri işler ministri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, mähriban Watanymyza wepalylygyň, halkymyzyň parahat we döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes watançylyk kasamyny ýerine ýetirdi.

Mejlisiň dowamynda Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine, degişli Karar bilen polisiýanyň podpolkownigi A.Berdiýew bellenildi. Müdirligiň täze ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, Watanymyza wepaly gulluk etmek, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň goragynda berk durmak barada mukaddes kasamy ýerine ýetirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Ussanepesowa ýüzlenip, kazyýet ulgamynyň häkimiýetiň bir şahasy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz G.Ussanepesowa wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz G.Annaýewi ýurdumyzyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine belläp, onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

Milli howpsuzlyk ministri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna bildiren ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ministr Türkmenistanyň mukaddes Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, mähriban Watanymyza we hormatly Prezidentimize wepalylygyň, halkymyzyň parahat, döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes watançylyk kasamyny ýerine ýetirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesine Ý.Nuryýewi belläp, onuň bu wezipede mundan beýläk nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. Gullugyň täze bellenilen ýolbaşçysy özüne bildirilen ynam üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşynyň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize çuňňur wepalylygyň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň goragynda sak durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes kasamy ýerine ýetirdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, adalat ministri wezipesine M.Taganowy belledi we onuň özüne ynanylan wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

Ministrligiň täzeden bellenilen ýolbaşçysy özüne bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, bu düzümiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Adalat ministri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, mähriban Watanymyza we hormatly Prezidentimize wepalylygyň nyşany hökmünde mukaddes kasamy ýerine ýetirdi hem-de halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň bähbidine ak ýürekden gulluk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda M.Hudaýkulyýew Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi. Döwlet Baştutanymyz onuň gullugyň işini geljekde nähili alyp barjakdygy bilen gyzyklandy.

Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy özüne bildirilen belent ynam üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gullugyň işini talabalaýyk alyp barmak ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.Ol Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, mähriban halkymyza, ata Watanymyza we hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etmegiň nyşany bolan mukaddes kasamy ýerine ýetirdi hem-de halkymyzyň parahat durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi ugrunda ak ýürekden gulluk etjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz N.Atagaraýewi Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belläp, onuň bu wezipede işi nähili alyp barjakdygy bilen gyzyklandy.Gullugyň täze bellenen ýolbaşçysy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, migrasiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Gullugyň başlygy Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, mähriban halkymyza, ata Watanymyza we hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etmegiň nyşany bolan mukaddes kasamy ýerine ýetirdi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek ugrunda ak ýürekden gulluk etjekdigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň jemgyýetde durnuklylygy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmaga, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şu maksatlara esaslanyp kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň goranmak ukyby has-da berkidilýär.

Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işleriň durmuşa geçirilýändigine ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralar döwletimizde milli, harby we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Bu edaralar raýat jemgyýetiniň durnukly ösmegini üpjün etmek, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy netijeli durmuşa geçirmekde zerur şertleri döredýärler.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ruhy-ahlak taýdan iň ýokary talaplara laýyk gelmelidiklerini belledi.Olar Watanyň we halkyň öňünde kabul eden kasamyna wepaly bolup, ak ýürekden gulluk etmelidirler, şeýle hem ruhubelent, watansöýüji, öz işine ussat bolmalydyrlar, harby hünär babatda türkmeniň asylly däpleriniň talaplaryny ödemelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi, bu edaralaryň ýolbaşçylarynyň harby gullukçy, hukuk goraýjy edaranyň işgäri diýen ada mynasyp bolup, mertebesini hemişe belentde saklap, uly at-abraý gazanmalydyklaryny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün bu düzümleriň ýolbaşçylarynyň tassyklanandygyny belläp, olara Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etmegi, ynanylan wezipelerde ak ýürekden zähmet çekmegi arzuw etdi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunda ýurdumyzyň goranyş ukybynyň berkidilmegine, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň we söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna, olaryň gulluk we durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, adamlaryň konstitusion hukuklarynyň goragynda durýan we milli kanunçylygyň anyk ýerine ýetirilişine gözegçiligi alyp barýan prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow IIM-niň düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, jemgyýetçilik tertibini saklamak we düzgün bozmalaryň, paýtagtymyzyň we sebitleriň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, kanunçylygy hereket edýän halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem garamagyndaky düzümleriň işine we olaryň kabul edýän çözgütlerine berk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew hasabat döwründe ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwletimiziň milli bähbitlerini goramak boýunça durmuşa geçirilýän yzygiderli we maksatnamalaýyn çäreler, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň maksatnamalaryny netijeli amala aşyrmagyň möhüm şerti bolan durnukly hem-de amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň başyndan bäri Watanymyzyň mukaddes çäklerini ygtybarly goramak, serhet galalaryny abadanlaşdyrmak, serhetçileriň netijeli gullugy, amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleri döretmek ugrunda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunda kanun çykaryjylygyň dünýä tejribesi işjeň peýdalanylýar. Şol bir wagtyň özünde, ilata ýokary derejeli hukuk hyzmatlary, raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligini guramagyň çäklerinde hukuk geňeşmeleri ýola goýulýar.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Şunda gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, oňa häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna we ýurdumyzyň çäginden geçýän ýüklere berk gözegçiligi amala aşyrýan ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Aýratyn-da, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň çäklerinde gullugyň has netijeli işini üpjün etmek boýunça anyk çäreleriň amala aşyrylandygy bellenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Mundan başga-da, wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, şu ýylyň aprel — iýun aýlary aralygynda, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we “Harby borç we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, degişli Buýruga laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Ç.Amanowa ýüzlenip, onuň ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, döwletiň howpsuzlygyny, goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, hukuk tertibini üpjün etmekde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde uly işleri durmuşa geçirendigini belledi, oňa Watanymyzyň hem-de halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen, goldanylan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminiň guramaçylyk meselesine hem seretmegi makul hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesiniň ýapylýandygyny aýtdy. Şeýle hem Ç.Amanowyň, başga işe geçmegi sebäpli, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşadylýandygyny mälim etdi.

Ç.Amanow şu ýyllaryň dowamynda özüne bildirilen ynam hem-de dürli düzümleriň jogapkärli wezipelerinde yhlasly zähmet çekip, Watanymyza gulluk etmek hormatynyň miýesser edendigi üçin, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, birnäçe wagtdan bäri abraý bilen gulluk edip gelýändigini, şeýle hem toplan tejribesini göz öňünde tutup, goranmak ministri B.Gündogdyýewi Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze düzümini tassyklamak hakyndaky Permana hem-de Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak baradaky Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi we ilki bilen, goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmaga, harby bölümlerde harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby tehnikalarynyň döwrebap, abat hem-de işjeň ýagdaýda saklanmagy üpjün edilmelidir. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini gowulandyrmak üçin döwrebap harby şäherçeleri we harby bölümleri gurmak, abatlamak işlerine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Goşunlarda 2022-nji okuw ýylynda göz öňünde tutulan ähli okuw sapaklaryny, taktiki türgenleşikleri, meýdan we deňiz tälimlerini hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Baş prokuror B.Atdaýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, edara-kärhanalaryň, guramalaryň, şeýle hem önümçilik-hojalyk we täjirçilik işine gatnaşýanlaryň hukuklaryny goramak maksady bilen, kanunlaryň, hukuk namalarynyň takyk, birmeňzeş berjaý edilişine prokuror gözegçiligini yzygiderli amala aşyrmagy tabşyrdy.

Ähli edaralarda döwlet emlägini aýawly saklamak boýunça düzgünleriň berk berjaý edilişine möhüm ähmiýet berilmelidir. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu edaranyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy barada aýdyp, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine yzygiderli prokuror gözegçiligini amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri M.Hydyrowa ýüzlenip, ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek, jemgyýetçilik tertibini, howpsuzlygyny goramak işlerini ýokary derejede ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek işlerine, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak bilen, hemişe berk gözegçilik edilmelidir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, IIM-niň ähli düzümleýin bölümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralaryna işiň häzirki zaman usullaryny we görnüşlerini ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesowa adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini kanunlara laýyklykda goramagy ýokary derejede alyp barmagy tabşyrdy. Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şeýle hem raýatlaryň arzalaryna, şikaýatlaryna aýratyn üns bilen seredip, olaryň öz wagtynda we kanuny çözgüdi tapylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz kazyýet ulgamynyň işiniň esasy ugurlary barada aýdyp, onuň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň hukuk, demokratik döwlet hökmünde ykrar edilen ýurdumyzyň ösüşinde ähmiýetlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet önümçiligini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we bu ugurda täzeçil ýörelgeleri öwrenmek zerur hasaplanylýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewe döwletimiziň özygtyýarlylygyny, kоnstitusiоn gurluşyny, çäk bitewüligini gоrap saklamak, ykdysady, ylmy-tehniki we goranmak kuwwatyny berkitmek bоýunça milli howpsuzlyk edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň doly ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, seljeriş işlerini geçirmek, düzüm bölümleriniň işine häzirki zaman usullaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak wajyp wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewe ýüzlenip, döwlet serhedini ygtybarly goramagy üpjün etmegiň Döwlet serhet gullugynyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi.

Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goraglylygyny degişli derejede üpjün etmek maksady bilen, inženerçilik-tehniki desgalaryň gurluşygyny dowam etmek, serhet çäklerine gözegçiligi güýçlendirmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Adalat ministri M.Taganowa Türkmenistanyň Milli Geňeşi we Ministrler Kabineti tarapyndan taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna gatnaşmak, olara degişlilikde teklipleri we hukuk netijenamalaryny bermek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak we ulgamlaşdyrmak işlerini sanly ulgamyň üsti bilen has-da kämilleşdirmegi dowam etmegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna bellenen tertipde netijenama bermegiň, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna hukuk seljermesini geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz kanunçylygy düşündirmek işine aýratyn ähmiýet berilmelidigini we ilatyň hukuk taýdan habarlylygyny ýokarlandyrmagyň guramaçylyk-usulyýet taýdan üpjün edilmelidigini aýtdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe daşary söwdany we milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge ýardam bermek boýunça gümrük edaralarynyň ähli zerur işleri alyp barmalydygy tabşyryldy. Ýurdumyzyň ulag-logistika düzümini we üstaşyr-ulag geçirijiligini ösdürmek, şeýle hem gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, serhetüsti geçýän harytlaryň, ulag serişdeleriniň çalt geçirilmegini, ýokary hilli barlanmagyny üpjün edýän şertler döredilmelidir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gümrük edaralarynyň ýörite enjamlaryny, tehniki serişdelerini we programma üpjünçiliklerini netijeli ulanmak arkaly gümrük gözegçiliginiň talabalaýyk guralmagynyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewe ýüzlenip, oňa döwletimiziň migrasiýa babatdaky syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, migrasiýa meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini ýokary derejede üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça kabul edilen milli meýilnamanyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň dowam etdirilmelidigini belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hökmünde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu edaralara dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, döwrebap tehnologiýalaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmak, milli howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini, kanunylygy üpjün etmek boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bilen bilelikde ähli zerur işleri alyp barmagy dowam etmek tabşyryldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2 aýda bitiren işleriniň jemine seretdi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi