Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Pakistanda iş saparynda boldular

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Pakistanda iş saparynda boldular

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Pakistan Yslam Respublikasynyň Karaçi şäherinde gulluk iş saparynda boldular. Iş sapary Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek Ählumumy maksatnamasynyň çäginde guraldy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Saparyň çäginde wekiliýet Karaçi portundaky gözegçilik-geçiriş ýerindäki terminalyň hem-de Qasim halkara konteýner terminalynyň işi, ol ýerde hereket edýän Port gözegçilik topary tarapyndan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen hem tanyşdylar.

Saparyň esasy maksady deňiz ýollary boýunça konteýnerler arkaly ýük daşamalaryna gözegçiligi guramakda Pakistanyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, Karaçi şäherindäki Porta we konteýner terminalyna baryp görmek, ol ýerde Port gözegçilik toparynyň işi bilen ýerinde tanyşmak hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň Port gözegçilik toparlarynyň özara hereketini işjeňleşdirmek üçin maslahatlary geçirmekden ybarat boldy.

Çärä Gazagystan Respublikasyndan hem 5 sany wekil gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Bakuda Gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň sekizinji ýyllyk sebitara ýygnagyna gatnaşdy
Türkmenistanyň we Özbegistanyň port gözegçilik toparlary üçin bilelikdäki okuw geçirildi
Türkmen we özbek gümrükçileri üçin bilelikdäki okuw çäresi geçirildi
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük gullugynyň işgärleri konteýner gatnawyna gözegçilik etmek boýunça okuwlara gatnaşdy
Duşanbede türkmen we täjik gümrükçileriniň bilelikdäki okuwlary geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Deslapky maglumaty alyşmak we ýük gözegçiligi boýunça dördünji sebitara duşuşygyna gatnaşdy