Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen I Halkara internet-olimpiadanyň netijeleri mälim edildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen I Halkara internet-olimpiadanyň netijeleri mälim edildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan nazary mehanika boýunça Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen I Halkara internet-olimpiadanyň netijeleri yglan edildi.

Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynyň habar bermegine görä, olimpiada dünýäniň 16 ýurdunyň ýokary okuw mekdepleriniň 300 talyp gatnaşdy.

Bäsleşik şahsy we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirildi. Iki ugruň her birine bir ýokary okuw mekdepden bäş talyp gatnaşdy.

Olimpiadanyň şahsy ýaryşynda 24 ýeňiji yglan edildi. Olaryň deň ýarysyny- 12 sany birinji orny ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary eýe boldular.

Ýeňijileriň arasynda olimpiadany gurnan ýokary okuw mekdebiniň talyplary Abdylla Rejebow, Şöhrat Babamyradow, Döwlet Suhanberdiýew bar. Üç sany birinji ýeri Türkmen oba hojalyk institutyndan Jennet Bäşimowa, Begenç Daňatarow we Kakageldi Agajanow eýeledi. Ýene üç birinji ýer Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inženerçilik we tehnologiýa institutynyň talyplary Agajan Jumaýewiň, Didar Seýidowyň, Allamyrat Annaýewiň hasabyna ýazyldy.

Iki ýeňiji: Atamyrat Annagulyýew we Gowşut Orazgeldiýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talybydyr.Birinji ýer Ýazmuhammet Möwlamowa (Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty) degişlidir.

Türkmenistanly 35 talyp kümüş we bürünç baýraga mynasyp boldylar. 17 ikinji, 18 üçünji ýer atlary ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş institutynyň, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplaryna berildi.

12 birinji, 26 ikinji we 50 üçünji baýrakly ýerler şahsy görnüşli ýaryşlarda daşary ýurtly talyplara degişli boldy. Ýeňijileriň hataryna Russiýadan 7, Hytaýdan 4, Özbegistandan bolsa 1 talyp boldy.

Toparlaýyn ýaryşda diňe iki ýeňiş gazanyldy. Olaryň birini Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologik uniwersiteti, beýleki bolsa Moskwanyň fizika-tehnika instituty gazandy.

Olimpiadanyň şu ugruna gatnaşýan toparlar 4 sany ikinji we 8 sany üçünji ýeri eýelediler. Şol sanda 1 ikinji we 3 üçünji ýer Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine Türkmen döwlet energetika institutyna, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Türkmen oba hojalyk institutyna we Telekommunikasiýa we informatika institutyna degişlidir.

Nazary mehanika boýunça I Açyk halkara olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara degişli derejeli diplomlar bilen sylaglandy.

Ýaryşyň şahsy görnüşinde oňa gatnaşýanlara nazary mehanikanyň üç bölümi boýunça, şol sanda, iki ýumuş Statika, ikisi Kinematika, ýene dördüsi bolsa Dinamika bölümi boýunça sekiz ýumuş hödülendi. Bäsdeşler bu ýumşy 240 minutda ýerine ýetirmelidiler.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Sanly çözgüt 2024 bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy
Sanly çözgüt 2024 atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri