13-nji awgustda Türkmenistanyň Sloweniýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew ýurduň Prezidenti Nataşa Pirs-Musara ynanç hatlaryny gowşurdy. Sloweniýanyň Prezidenti türkmen diplomatyny ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlik arzuw etdi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, ilçi Sloweniýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalaryň çäginde syýasy hem-de diplomatik gepleşikleri güýçlendirmegiň ähmiýeti bellendi. Şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-slowen toparynyň işine möhüm ähmiýet degişlidir.
Duşuşygyň ahyrynda Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny iberdi.