Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky käbir diplomatik wekilhanalarynda metbugat attaşesi wezipesiniň girizilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, degişli teklibi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde beýan etdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu çözgüt Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki maglumat işini güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Hususan-da, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň barha ösýän häzirki şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýan BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak meýilleşdirilýär.

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly habarçylary daşary ýurtlara ibermek hem-de ugurdaş öňdebaryjy halkara neşirler bilen hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny baglaşmaga mümkinçilik alar.

Mundan başga-da, “Sanly birleşme” atly ýörite bir zolagyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu taslama halkara kommunikasiýalar ulgamynda sanly tehnologiýalary ösdürmekde Türkmenistanyň ýaş IT hünärmenleriniň mümkinçiliklerini jemlemäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, olaryň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyk gelýändigini hem-de daşary syýasat işine häzirki zaman maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Hökümet mejlisinde ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.

Ýene degişli makalalar

18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary: Türkmenistanda rus diline uly üns berilýär
BMG “Merkezi Aziýa—parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” Kararnamany tassyklady
BMG: Türkmenistan we Gyrgyzystan raýatsyzlygy ýok eden ilkinji ýurtlar boldy
Ermenistanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar