Daşary işler ministrliginde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Reşit Meredowyň ýurdumyzda diplomatik wezipesini tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun bilen duşuşygy boldy.
Ilçä döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirildi. Öz gezeginde, HHR-yň ilçisi Türkmenistanda işlemeginiň özüniň diplomatik işinde möhüm tapgyr bolandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda ykdysadyýet, söwda we maýa goýumlary, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar halkara gurmalarynyň, hususan-da BMG-nyň meýdançasynda üstünlikli özara hereketleri bellediler we syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak barada pikir aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Türkmenistanyň Hökümetine dostlukly iki ýurduň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik wezipesini ýerine ýetirmäge beren hemmetaraplaýyn ýardamy üçin hoşallyk bildirdi.