Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy boýunça pikir alşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada bellenildi. Bu babatda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy, şol sanda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy nygtaldy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy bar bolan ikitaraplaýyn formatlaryň çäklerinde ulgamlaýyn esasda alnyp barylýandygy bellenildi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi görnüşiniň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy barada hem bellediler. Şol bir wagtda 2019-njy ýylyň iýunynda kabul edilen hem-de sebitde hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik esasyny üpjün edýän Ýewropa Bileleşigiň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň ähmiýetini hem nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda ýakyn wagtda meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn taslamalaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi kabul edildi
Türkmenistanda Söwda-maglumatlar portaly işe girizildi
Ilkinji finalçy Ispaniýamy ýa-da Fransiýa?!
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça ylmy hyzmatdaşlyga çagyrýar, 2023-nji ýylda 330 sany türkmen talyby Belorusyň ýokary okuw mekdeplerine girdiler, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilligi Maýyplara goldaw merkezine mekdep esbaplaryny gowşurdy we beýleki habarlary