Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begençe Mätliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde prorektor Begenç Mätliýew we professor Öwezdurdy Muhammetberdiýew gyrgyz kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdiler.
Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademmiýasynyň rektory Akylbek Kylyçow sapar bilen ýurda gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda bilim we diplomatiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny nygtady.
Şeýle-de, duşuşykda taraplar iki ýurduň ýokary diplomatik mekdepleriniň arasynda akademik we ylmy özara alyş-çalyş, bilelikdäki çäreleri guramak we ylmy taslamalary alyp barmak işini pugtalandyrmak babatda hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Gyrgyz-türkmen gatnaşyklary ady bilen tegelek stol maslahaty geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenilip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine oňyn baha berildi.