TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen Alabaýy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara hem-de ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.M.Ahmadi, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Tabanýuhow, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun, ÝB-niň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili L.Frebort, DMI-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow dagylar çykyş etdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň bu özboluşly eseriniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Türkmen Alabaýyna bagyşlanan bu eser bu tohumyň aýratynlyklary baradaky gyzykly maglumatlary, arheologiki barlaglarynyň maglumatlary hem-de etnografiki maglumatlary özünde jemleýändir.

Kitapda Türkmen Alabaýynyň öwüşginli suratlary bilen birlikde asyrlaryň çuňlugyndan türkmen halkynyň ýakyn hemdemi hem-de goragçysy bolan bu arassa ganly tohum itleriniň ähmiýeti aýdyň görkezilendir. Türkmen Alabaýynyň türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy hem-de bu kitabyň nesilden-nesillere ýokary adamkärçilik sypatlarynyň terbiýelenmegine ýardam etjekdigi aýratyn bellenilip geçildi.

Bu eser şeýle-de rus we iňlis dillerinde hem çap edilendir.

Ýene degişli makalalar

Diýarymyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenistan ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitledi
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
Türkmenistanyň geljekki prezidenti: Serdar Berdimuhamedow kim?
Aşgabatdaky Alabaý ýadygärliginiň golaýyndaky 300 çemesi hususy jaýlar mart aýynda ýykylar