Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işiniň utgaşdyryjysy Bakyt Žusupowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly atly ikinji Aşgabat maslahatynyň sebit dialogyny berkitmekdäki, howpsuzlygy, pugta we durnukly parahatçylygy üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri ilerletmekdäki ähmiýetini nygtadylar.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda, hususan-da, ÝHHG-niň işiniň ikinji ykdysady we daşky gurşaw ölçegleriniň çäginde uzak möhletli netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler. Bu ugurlarda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýeti beýan edildi.
Şeýle hem ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, energetika we daşky gurşaw howpsuzlygy, ulag özara arabaglanyşygy we beýleki möhüm ugurlarda özara gatnaşyklaryň täze formatlaryny döretmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, çeşmede habar berilýär.