Türkmenistanyň DIM-i Özbegistanda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýär

Türkmenistanyň DIM-i Özbegistanda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda soňky günlerde Özbegistanyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi barada habar berdi.

Daşary syýasat edarasy Özbegistanyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem raýatlaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar.

“Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi we öňdengörüjiligi ýaly häsiýetleri ýurtdaky ýüze çykýan ähli meseleleri we kynçylyklary ýeňip geçjekdigine, şeýle hem Özbegistanyň döwlet we jemgyýet institutlarynyň durnukly ösüşini üpjün etjekdigine berk ynanýarys” diýip, Türkmenistanyň DIM-i belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýakyn goňşusy bolan Özbegistana zerur bolan dost-doganlyk goldawyny we ýardamyny bermäge taýýardygyny mälim edýär.

Türkmenistan Özbegistan bilen 1,8 müň kilometre golaý araçägi paýlaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda etniki özbeklerden öz milli atlaryny dakmazlyk talap edilýär
Türkmenistan we Özbegistan serhetden geçiş mümkinçiligini giňeltmekçi
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Özbegistan barada maglumatlar
Şu gün Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada sapary başlanýar
Özbegistanda dünýäde iň iri ýel elektrik stansiýasy peýda bolar