Türkmenistanyň DIM-i: Howanyň üýtgemeginiň meseleleri biziň öňümizde täze wezipeleri goýýar

Türkmenistanyň DIM-i: Howanyň üýtgemeginiň meseleleri biziň öňümizde täze wezipeleri goýýar

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler Türkmenistanyň öňünde täze wezipeleri goýup, ozal kabul edilen milli meýilnamalary we kanunlary döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem täzelerini döretmäge itergi berýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ekologiýa meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow duşenbe güni Gazagystanyň Almaty şäherinde açylan Ekologiýanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça Merkezi Aziýa maslahatynda (SAKIK 2024) aýtdy.

"Biznes Türkmenistan" internet neşiriniň Almatydan habarçysynyň habar bermegine görä, Magtymguly Akmyradow çykyşynyň dowamynda Türkmenistanda nebitgaz pudagynda metan zyňyndylaryny möçber taýdan kesgitlemek boýunça syn bermegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Munuň özi bu zyňyndylary azaltmakda anyk çäreleri işläp taýýarlamak üçin möhüm binýat bolup hyzmat eder.

Magtymguly Akmyradow Türkmenistan üçin daşky gurşawy goramak meseleleriniň ileri tutulýan ugurdygyny belledi we ýurduň bu meseleler boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge taýýardygyny belledi.

Ekologiýanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça Merkezi Aziýa maslahaty (SAKIK 2024) şu ýylyň 27-nji maýynda başlanyp, ol 29-njy maýa çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Maýa goýumlary we hyzmatdaşlyk: Gazagystan türkmen telekeçilerini iş saparyna çagyrýar
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Türkmenistan döwlet emlägine degişli 43 desgany bäsleşikli söwda çykardy
Italiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistana sapar ederler
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda BAE-niň energetika ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen howanyň üýtgemegine degişli meseleleri maslahatlaşdy