18-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-gi Owganystandaky ýagdaýlar barada 5 sany habary çap etdi.
Ministrlik 15-nji awgustdan dymdy we şol gün DIM Raşit Meredow ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Stefan Klimou bilen duşuşyp, halkara syýasatlary barada meseleleri maslahatlaşdy.
Birinji habarda aýdylmagyna görä, ministrlik Owganystandaky ýagdaýlary dykgat bilen yzarlaýar, “resmi Aşgabat bolsa, Owganystanda ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşmagynyň tarapdary we tiz wagtda ýurdyň hukuk meýdanynda täze döwlet gurluşlarynyň dörediljekdigine ynanýar”.
Ikinji maglumatynda DIM-gi Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasynyň, Mazari Şerifdäki, Heratdaky baş konsulhanalaryň kadaly işlemegini dowam edýändigini habar berýär
Işgärleriň ewakuasiýasy bolmady, konsulhanany “Talyban” hereketiniň wekilleri goraýarlar.
Üçünji habarda bellenmegine görä, ýurdyň diplomatiýa gullugynyň işgärleri,beýleki döwlet edaralary, döwlet serhedini goramak meseleleri we araçäk arkaly ýükler geçirilende gözegçiligi üpjün etmek meseleleri boýunça talyplar bilen izigiderli habarlaşýarlar.
Türkmen-owgan serhedindäki “Ymamnazar-Akina”, “Serhetabad-Turgundi” barlag-geçiş merkezleri adaty tertipde işleýärler.
Şeýlede 18-nji awgustda Türkmenistanyň Mazari Şerifdäki baş konsuly “Talyban” hereketiniň Balh welaýaty boýunça wekiliýetiniň başlygy bilen Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryndaky türkmen konsulhanasynyň işleri barada maslahat etdi.
Şol güni Heratdaky ilçi talyp wekilleri bilen duşuşyp ýurdyň günbatar bölegindäki konsulhananyň işi barada gürrüň etdi.
Mundan bir gün owal “Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň resmi wekili Muhammet Sohail Şahin Talyplaryň iri taslamalar-TAPI gaz geçiirjisi we demir ýol gurluşygy bilen gyzyklanýandygyny habar beripdi.The post Türkmenistanyň DIM-gi Owganystandaky diplomatiýa wekiliýetiniň işi barada habar berdi: işgärler ewakuasiýa edilmedi, binany talyplar goraýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.