Ýurt içinde öndürilýän “Korwalol” Aşgabadyň dermanhanlarynda juda seýrek duşýan dermanlaryň birine öwrüldi. Bu ýaşuly adamlaryň giňden ulanýan köşeşdiriji, rahatlyk berip ukladýan dermany bolmak bilen bir hatarda bahasy gymmat bolmadyk dermanlaryň biri hasaplanýar.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysy bu ýagdaýyň sebäbini bilmek üçin Dermanhana uprawleniýsiniň maglumat berýän gullugy bilen habarlaşdy, oňa häzirki pursatda bahasy 6 manat bolan “Krowalolyň” diňe Alişir Nowaýy köçesinde ýerleşýän döwlet dermanhanasynda bardygyny aýdyp, jogap berdiler.
Emma, bu derman ol ýerden hem tapylmady. Bu dermany diňe 11-nji mikroraýondaky hususy dermanhanadan, 7,50 manatdan tapmak başartdy.
Gutusyndaky seneden görnüşine görä, bu derman 2016-njy ýylyň sentýabrynda öndürilipdir.
Dermanhana işgäriniň sözlerine görä, “Krowalolyň” täze tapgyrlary uzak wagtdan bäri getirilmeýär. Belki-de, ony öndürmegi bes edendirler.
Bizde köp komponenti daşary ýurtlardan, hususan-da Hindistandan getirýärler, bärde diňe garyşdyrýarlar we gaplaýarlar. Walýuta konwertasiýasyndaky problema sebäpli daşary ýurt çig mallaryny satyn almak kynlaşdy. Mesele şunda bolsa gerek diýip, dermanhana işgäri sözüni jemledi.