Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryna Özbegistana haryt geçirmegi gadagan etdiler

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary, rus pasportlary ýa-da özbek wizalary bolsa, Özbegistana 10 kilograma çenli ýük çykaryp bilýärdi. Bu ýük esasan türkmen kärhanalarynda öndürilen dokma önümlerinden ybarat bolýar.

Käbir adamlar harytlary serhet ýakasyndaky Ürgençde, Şawatda ýa Hywada ýaşaýan garyndaşlaryn sowgat hökmünde alyp gidýärldi. Başgalary öz harytlaryny satyp, onuň ýerine Türkmenistanda gyt ýa gymmat bolan harytlary we azyk önümlerini satyn alýardylar. Mysal üçin, adamlar Özbegistandan iki gutudan çilim ýa-da iki çüýşeden Koka-kola alyp gelýärdiler.

Emma türkmen serhetçileri, 10-njy martdan başlap, goňşy ýurda haryt çykarmagy gadagan etdiler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýär. Bu barada adamlara “Daşoguz awtodorožnyý” atly türkmen serhet geçelgesinde habar berýärler. Gadaganlyk girizilmeginiň sebäbi düşündirilmeýär.

Özbek tarapy hususy adamlaryň haryt getirmegine we äkitmegine hiç hili çäklendirme girizimeýär.

Türkmenistanyň “Daşoguz awtodorožnyý” serhet geçelgesi (Özbegistanda “Şawat awtodorožnyý”) sagat 9:00-dan 18:00-a çenli açyk.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy
Daşoguzyň wekilçilikli topary Özbegistanyň Horezm welaýatynda iş saparynda boldular
'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmegi maslahatlaşdylar
6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady