Türkmenistanyň demirgazyk sebiti — Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur B.Braun kompaniýasynyň iki sany Dialog+ kysymly gemodializ (emeli böwrek) enjamy sowgat berildi. Bu barada TDH habar berýär.
Germaniýanyň B. Braun kompaniýasynyň iň täze önümleriniň biri bolan emeli böwrek enjamlary bedenden daşardaky şertlerde gany arassalamaga niýetlenilip, ol häzirki wagtda mälim bolan dializ usuly arkaly bejerginiň islendik görnüşini geçirmäge mümkinçilik berýär. Ol dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän hassalaryň has netijeli bejerilmegini üpjün edip, olaryň durmuş derejesini gowulandyrmaga şert döredýär.
Ozal şeýle enjamlaryň Mary welaýatyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahansyna hem-de Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky köpugurly hassahana sowgat berlendigini habar beripdik.