Türkmenistanyň demirgazygynda mäş we noýba ýetişdirilýär

Türkmenistanyň demirgazygynda mäş we noýba ýetişdirilýär

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 7 müň 300 gektara mäş we 410 gektara noýba ekildi. Şol bir wagtyň özünde, olary aralyk ekin hökmünde ulanmak boýunça toplanan tejribäni göz öňünde tutup, welaýatyň daýhanlary her gektardan azyndan 15 sentner hasyl almagy maksat edinýärler. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, sebitdäki has köp mukdarda däne öndürijileri Akdepe etrabynyň ekerançylary bolup, bu ýerde iki ýarym müň tonnadan gowrak mäş we bir ýüz segsen tonna noýba taýýarlamak bellenilýär. Şeýle hem bu ekinler uly möçberlerde Köneürgenç, Boldumsaz we S.Türkmenbaşy etraplarynda ekildi.

Daşamaga çydamlylygy we saklanyş möhletiniň uzaklygy däneli ekinleriň möhüm aýratynlyklarydyr.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatynda kösükli we ýag alynýan ekinleriň bol hasyly ýygnaldy
Daşoguz welaýatynda azyndan 560 tonna künji hasylyny almak meýilleşdirilýär
Daşoguz welaýatyndaky biokärhanalar tarapyndan ekinleri goramak üçin degişli çäreler geçirilýär
Balkanly kärendeçiler: Hökümet pagtany wada beren "ýokary" nyrhyndan satyn almaýar
Daşoguzda oba hojalyk ekinlerini zyýanly mör-möjeklerden goramak boýunça işler geçirilýär
Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda medallara mynasyp boldular