Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde ýerleşýän uzak öri meýdanlarynda Ajy guýy-1 we Ajy guýy-2 guýularynyň durky täzelenýär. Abatlamak işleri Daşoguzörisuw abatlaýyş we gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan alnyp barylýar diýip, Türkmenistan Altyn asyr elektron neşiri habar berýär.
Durkuny täzelemek işleri bu ýerasty suw çeşmeleriniň hyzmat ediş möhletini uzaltmaga gönükdirilendir. Durky täzelenenden soň, olaryň her biri uly meýdany suwarmaga ukyply bolar diýlip, habarda aýdylýar.
Bu iş Daşoguz welaýatynda uzak öri meýdanlaryny ösdürmek üçin görülýän ulgamlaýyn çäreleriň biri bolmak bilen, ol ulanylýan öri meýdanlaryny suwlulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.