Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Ankarada saparda bolar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow saparynyň çäginde Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşar.
Hakan Fidan bilen Raşid Meredow duşuşykda 5 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetilmegi üçin alnyp baryljak işler hakynda pikir alyşar.
Iki kärdeş, türkmen gazynyň Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna akdyrylmagyny göz öňünde tutýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin görüljek çäreleri ara alyp maslahatlaşar.
Duşuşykda mundan başgada Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň başda durmagynda sebitara we halkara guramalar derejesinde edilýän hyzmatdaşlyk giňişleýin seljerler.
Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler hem Türkmenistanyň Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen duşuşar.
Duşuşykda iki ýurduň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlyk bilen birlikde sebitara goranyş we howpsuzlyk meseleleriniň gün tertibine getirilmegine garaşylýar.