
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hususan-da, energetika we gaz pudaklaryndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
60-dan gowrak eýran kompaniýasynyň önümleriniň hödürlenýän 16-njy ýöriteleşdirilen Iran Agrofood sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Eýranyň energetika ministriniň Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň, şeýle hem türkmen-eýran işewürler forumynyň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.